
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň ýurduňyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri hemmelere mälimdir. Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Biz Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Biziň bilelikde ähli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy, halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygymyzy dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdürjekdigimize pugta ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Size we dostlukly Türkmenistanyň halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Siz şu ýylyň ýanwarynda Hytaýa döwlet saparyny üstünlikli amala aşyrdyňyz. Maý aýynda biz nobatdaky gezek duşuşyk geçirdik we bilelikde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşdyk. Onuň barşynda Siziň bilen hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşini, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly meýilnamasyny bilelikde ara alyp maslahatlaşdyk, şeýle hem hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berdik.
Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we Siziň bilen bilelikde asyrlara uzaýan dostluk, hoşniýetlilik, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda hytaý we türkmen halklarynyň bitewi röwşen geljegini gurmak ugrunda tagallalary birleşdirmäge taýýardyryn.
Dostlukly Türkmenistana gülläp ösüş we berkararlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.
Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we ýurduňyzyň doganlyk halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlamaga, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Şu baýramçylyk gününde goňşy döwletiň — Türkmenistanyň soňky ýyllarda ähli ugurlarda durnukly ösýändigini, baý medeni we taryhy mirasyny, däp-dessurlaryny aýawly saklap, halkara bileleşikde mynasyp orun eýeländigini ýene bir gezek bellemek isleýärin. Wagtyň synagyndan geçen ýakyn dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde biz Siziň ýurduňyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli döredijilikli işleriň, toplumlaýyn özgertmeleriň öz ajaýyp netijesini berýändigine örän guwanýarys.
Doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde ähli ugurlarda okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňizi we ýurduňyzyň halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan özara hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydyr. Taryhy-medeni umumylyk, umumy bähbitler, ýokary derejeli wekiliýetleriň özara saparlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde we mundan beýläk-de ösdürmekde wajyp orun eýeleýär.
Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdüriljekdigine, şeýle hem sebit we halkara derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin.
Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk dileýärin.
Seýed Ebrahim RAISI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda we jemgyýetçilik düzümleri boýunça gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Germaniýa Türkmenistanyň hyzmatdaşy hökmünde ýurduňyzyň ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we demokratik ösüş ýoluny geljekde hem goldar. Şu we beýleki meseleleri Berlinde boljak Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki duşuşygynda has giňişleýin ara alyp maslahatlaşarys.
Size we Siziň ýakynlaryňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.
Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Ýurduňyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.
Häzirki çylşyrymly döwürde ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýärin.
KARL III,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.
Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Doganyňyz,
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!
Ispaniýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize milli baýramyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Jenap Prezident, Size rowaçlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalar bilen,
FILIPP VI,
Ispaniýanyň Patyşasy.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Milli baýramyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize gutlaglarymy we Türkmenistanyň halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.
Willem-Aleksandr,
Niderlandlaryň Patyşasy.