TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda Arkadagly Serdarymyzyň giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nobatdaky senesini durmuşyň ähli ugurlarynda ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny nygtaýarlar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýy barha belende galýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly baýram bilen mähirli gutlaýarlar we tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň deputatlarynyň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Demokratik partiýanyň başlygy A.Serdarow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.