
Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili jenap Olof Skoog bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda myhman Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli parlamentiň düzümi, esasy wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Şol sanda halkara guramalar, Ýewropa Bileleşigi bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigi hem-de ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Ýurdumyzyň ÝB-niň sebit taslamalaryna, onuň çäklerinde geçirilýän okuw maslahatlaryna we Adam hukuklary boýunça her ýylky geçirilýän gepleşiklerine işjeň gatnaşygyna aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» bilelikdäki komitetiniň we «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» Parlamentara dialogynyň alyp barýan işiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny» we «Türkmenistanda 2023-2028-nji ýyllar üçin çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belläp geçdi.
Taraplar Türkmenistan bilen ÝB arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, söhbetdeşler kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin döwrebap binýady kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklaryny hem-de okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.