
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy hem-de «Altyn Aý» altyn nyşany gowşuryldy. Bu waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna köp sanly hatlar we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda, hususan-da, häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş şygar edinip, ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygy, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy nygtalýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklap, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Gysga taryhy döwürde Garaşsyz Türkmenistanda ägirt uly işler amala aşyryldy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde täzeçil özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion häsiýetli kärhanalaryň işini ýola goýmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiliklerini döretmek, oba hojalygyny özgertmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirildi. Hatlary we telegrammalary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy hem-de «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen ýurdumyzyň deputatlarynyň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hem-de «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow gutladylar.
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Demokratik partiýanyň başlygy A.Serdarow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.