TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä resmi ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň we Birleşen Patyşalygyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga üýtgewsiz taýýardygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Birleşen Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

(TDH)