TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary hatlarynda bu gadymy baýramyň parahatçylygyň, jebisligiň, ruhy päkligiň nyşany bolmak bilen, türkmen halkyna mahsus ýagşylyk, ylalaşyklylyk ýörelgelerine ygrarlylygy alamatlandyrýandygyny nygtaýarlar.

Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy ähli musulman ymmaty üçin mukaddes bolan bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Gurban baýramy bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.

Bu mukaddes baýram bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimizi Gurban baýramy bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny ýolladylar.

(TDH)