TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, serkerdeleriniň we professor-mugallymlarynyň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary bu gün täze durmuş we zähmet ýoluna gadam basýarlar. Siziň bu ýatda galyjy gün mynasybetli ýollan buýsançly Gutlagyňyz ýürekleri «Watan!» diýip urýan uçurymlaryň göwünlerini galkyndyryp, başyny göge ýetirdi. Gutlagdaky: «Siziň watanperwerligiňiz, merdanalygyňyz, batyrlygyňyz hem-de hünär ussatlygyňyz ýurt parahatçylygynyň binýadydyr, merdana türkmen halkynyň abraý-mertebesidir» diýen sözleriňiz Watan goragçylaryna bildirýän belent ynamyňyzdan nyşandyr. Bu ynam biz — uçurymlaryň ata Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden gulluk etmäge, onuň mukaddes topragyny jan aýaman goramaga bolan höwesimizi, Garaşsyz Diýarymyza, mähriban halkymyza bolan söýgimizi artdyrýar. Biz muňa diýseň guwanýarys we ýollan mähirli Gutlagyňyz, bildiren şeýle belent ynamyňyz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiz!

Siz Watan goragçylaryny hemişe watansöýüjilige, wepadarlyga, adalatlylyga, parahatçylyk söýüjilige, merdi-merdanalyga çagyrýarsyňyz. Özüňiziň nusgalyk göreldäňiz, parasatly sözleriňiz, öwüt-nesihatlaryňyz bilen merdana ata-babalarymyzyň kemala getiren mertlik mekdebini mynasyp dowam etdirmäge ruhlandyrýarsyňyz. Bu babatda Siziň çuňňur paýhasyňyzdan syzylyp çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryňyz ýurt goragçylary üçin ylham çeşmesi, mukaddes topragymyzyň goragynda ýolgörkeziji çelgi bolup durýar. Bu gymmatly eserlerde öňe sürülýän watançylyk sargytlary, Watan mukaddesligi hakyndaky pikir-garaýyşlar Garaşsyz döwleti berkarar etmegi arzuwlan mert pederlerimiziň döş gerip goran bu mukaddes topragyna bolan söýgimizi has-da artdyrýar. Siziň ýiti zehiniňizden kemal tapan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eseriňizde: «Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip bellemegiňiz ýurt goragçylarynyň kalbynda Watan mukaddesligine bolan sarpany has-da belent derejä göterýär. Biz bu jümläniň aýdyň mysalyny Siziň parasatly baştutanlygyňyzda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde, il-halkymyzyň asuda hem abadan durmuşynda görýäris.

Mertebesi belent Prezidentimiz!

Siz Watan goragçylarynyň hünär taýdan taýýarlygynyň ýokary bolmagyna aýratyn ähmiýet berýärsiňiz. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda watançy ýaşlaryň mert pederlerimiziň döreden milli harby sungatyny ezberlik bilen ele alyp, söweşjeň taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bu şertler ýaş watançylara bilimler dünýäsine, harby sungatyň taryhy köklerine içgin aralaşmaga, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ylmy gözlegler bilen giňden meşgullanmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, geljekki serkerdeleriň, harby hünärmenleriň giň dünýägaraýyşly, döwür bilen aýakdaş, öňdebaryjy tehnikalardan we tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň ýol açýar. Şu ýylyň 29-njy maýynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşiginde Watan goragçylary öz ýokary taýýarlyk derejelerini görkezmegi başardylar. Sanly ulgamyň binýadynda hereket edýän döwrebap ýaraglara hem-de uçarmansyz uçuş enjamlaryna aýratyn orun berlen bu harby okuw meýdan türgenleşiginde türkmen gerçekleriniň görkezen gaýduwsyzlygy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Goç ýigit demir galadyr» diýen buýsançly jümlesiniň subutnamasyna öwrüldi. Biz — Watan goragçylary geljekde hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden baş çykarýan ussat hünärmenler bolup, eziz Watanymyzyň goragynda demir gala, polat galkan bolup durarys. Mukaddes topragymyzyň her daban ýerini gözümiziň göreji deýin gorarys.

Hormatly Prezidentimiz!

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň her ýylky gutardyş dabarasynyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda geçirilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Çünki bu ýerde uçurymlar dabaraly kasam edip, döwlet berkararlygynyň, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň hökmürowanlygynyň, asuda, parahat durmuşymyzyň goragyna ykbalyny baglaýarlar. Bu pursatlar ýatdan çykmajak buýsançly waka hökmünde hakydamyza müdimilik ýazylar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Siziň eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde bildirýän belent ynamyňyz biziň üçin iň uly mertebe bolup, ählimizi hemişe uly üstünliklere, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Watan goragyna ykbalyny baglan biz — uçurymlar, geljekde-de döwür bilen deň gadam urup, halkymyzyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda jan aýaman, wepaly gulluk etjekdigimize Sizi tüýs ýürekden ynandyrýarys! Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň hemişe belent bolmagyny, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklaryň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary, serkerdeleri we professor-mugallymlary.