
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Bismillähir-rahmanir-rahim!
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, ýurdumyzyň at-abraýyny has-da beýgeldýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Döwürleriň we nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän Gurban baýramynyň many-mazmunynda ruhy gymmatlyklarymyz, milli ynanç-ygtykatlarymyz jemlenip, türkmen halky tarapyndan bu mukaddes baýrama watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän baýram hökmünde belent sarpa goýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Siziň: «Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligimizi, jebisligimizi dünýä ýaýýan, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr» diýen sözleriňize eýerip, bu mukaddes baýramçylygyň şanyna güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde, merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki döwrüň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan asylly däplerimize görä, her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynyň, ýurt abadançylygynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berilýär. Siziň halkymyzyň we tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň we nurana geljeginiň bähbidine alyp barýan beýik işleriňiziň elmydama rowaç bolmagy, ýurt abadançylygy üçin ýagşy dilegler edilýär. Munuň özi Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi dabaralandyrýar, eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Hormatly Arkadagly hajy Serdarymyz!
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli döwrebap özgertmeler, beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda depginli ösüşler gazanylýar, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda döwrebap senagat, önümçilik kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary giň gerimde gurulýar. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy geljek nesillere ýetirmek, nesilden-nesle geçip gelen gaýtalanmajak maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy goramak we wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler alnyp barylýar.
Siziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan daşary syýasatyňyz esasynda halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Siziň öňe sürýän başlangyçlaryňyzyň ählumumy parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmakdaky mümkinçilikleriniň örän uludygyny aýdyňlygy bilen subut edip, berkarar döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende göterýär.
Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz!
Türkmen halkynyň milli ýörelgeleri öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar we durmuşymyzda aýratyn orun eýeleýär. Merdana halkymyzyň mertebesini has-da beýgeldýän döwletlilik ýörelgeleri milli buýsanjymyzdyr, asyrlaryň dowamynda kemala gelen durmuş kadalarymyzyň esasydyr. Siziň hemaýat-goldawlaryňyz bilen yslam dünýäsiniň özboluşly merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde haj ybadatyny berjaý etmek üçin şu ýyl hem Türkmenistanyň wekillerinden ybarat uly topar doganlyk Saud Arabystany Patyşalygyna haj zyýaratyna iberildi. Siziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyňyz, eziz Watanymyza yhlasly hyzmat etmek, özbaşdak, Garaşsyz ýurdumyzyň üstünliklerine, şöhratly geçmişimize, bagtyýar şu günümize, röwşen geljegimize buýsanmak babatdaky taglymatlaryňyz jemgyýetimiziň ähli wekilleri bilen birlikde, dindarlarymyzy hem beýik işlere ruhlandyrýar.
Gahryman hajy Prezidentimiz!
Sizi adamzadyň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän Gurban baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Gudraty Güýçli Allatagala Siziň janyňyzy sag, başyňyzy dik, ömrüňizi uzak, mertebäňizi belent etsin, gözden-dilden, görner-görünmez howp-hatarlardan gorap, öz penasynda aman saklasyn! Il-ýurt bähbitli işleriňizi hemişe rowaç eýläp, egsilmejek güýç-kuwwat bersin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň ähli dindarlarynyň adyndan Türkmenistanyň müftüsi Ý.HOJAGULYÝEW.