TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de türkmen ylmynyň gazananlaryny dabaralandyrýan bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, şeýle-de ylmy-medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, ylmy diplomatiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda edýän tagallalaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, milli ykdysadyýetiň pudaklaryna ýokary tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, jemgyýetiň aň-bilim, döredijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlaryndan, Siziň ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda berýän tabşyryklaryňyzdan we intellektual, ylmy-tehniki özgertmeleriňizden ugur alnyp, ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga, ylmy barlaglary hem-de möhüm taslamalary maliýeleşdirmäge, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, pudaklaýyn ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym-bilimiň gazananlaryny we giň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükdirýän Türkmenistan iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýar.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň: «Häzirki zaman ylmy-tehnologik ösüşiň çalt depgini adamzat ýaşaýşyna, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, durmuşyň düzgün-kadalaryna we ýörelgelerine öz täsirini ýetirýär. Bu ählumumy özgertmelere goşulmak we dünýä ösüşinde öz ornuňy berkitmek üçin döwletiň hem-de jemgyýetiň bitewi aňyýet ýolunyň, bitewi ösüş ýörelgeleriniň bilelikdäki tagallalarynyň utgaşdyrylmagy örän derwaýysdyr» diýip belleýşiňiz ýaly, döwrebap bilim we ylym ugurlary dünýäniň ykdysady, medeni, tehnologik ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolup, parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem örän möhüm şerti bolup durýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bolan biz — alymlar Siziň Türkmenistanda innowasion ösüşlere, ykdysadyýete öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatyňyza, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, täze innowasion senagaty döretmek ugrundaky tagallalaryňyza, ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlaryňyza örän ýokary baha berýäris. Siziň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, innowasion tehnologiýalar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna ynamly goşulyşmagyna ýardam berýän syýasatyňyza laýyklykda, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň, iň gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylýandygy, innowasiýalaryň, maglumat tehnologiýalarynyň özleşdirilýändigi bizde uly gyzyklanma döretdi. Bu halkara ylmy maslahatda biz özara tejribe alşyp, nano-, himiýa, kompýuter, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ylmyň ileri tutulýan ugurlarynda orta we uzak möhletli geljegi nazarlaýan möhüm wezipeleri kesgitledik, medeni-ynsanperwer ulgamda bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň üstünlikli geçmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ylymlar güni mynasybetli ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaralara gatnaşmaga döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz sagbolsun aýdýarys. Goý, Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlaryňyz hemişe rowaç bolsun!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligi hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar.