TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ylymlar güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda türkmen alymlarynyň gazanýan üstünlikleriniň hemmetaraplaýyn ösen ýurt hökmünde Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýändigi nygtalýar. Ýurdumyzda nano-, bio- we himiýa tehnologiýalary, energetika, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat-kommunikasiýa ulgamy, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk hem-de derman senagaty, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlarda ösüş üçin berk binýat döredilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyzy Ylymlar güni mynasybetli Mejlisiň deputatlarynyň adyndan D.Gulmanowa gutlady.

Hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şanly baýram bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimizi Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlaryny ýolladylar.

(TDH)