
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Bu çözgüt şu ýylyň 6-njy iýunynda biragyzdan kabul edildi hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri öz hatlarynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, öňe sürülýän möhüm başlangyçlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýandygyny nygtaýarlar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň durmuşyndaky bu möhüm waka bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutladylar.
(TDH)