
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda häzirki wagtda daşky gurşawy goramak ulgamynda gadymdan gelýän milli ýörelgeleriň täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigi bellenilýär.
Halkymyzyň ekologik taýdan arassa gurşawda abadan durmuşyny üpjün etmek babatda döredilýän şertler Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagyna, onuň ylmy esasda giňden öwrenilmegine ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda hem-de Milli tokaý maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar, Watanymyz bagy-bossanlyga öwrülýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenilmegi ýurdumyzyň ekologiýa strategiýasy babatda hem möhüm bolup, ol BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň açylmagyna, tebigaty goraýyş ulgamynda wajyp wezipeleri çözmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilendir.
Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimizi şanly sene bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutladylar.
(TDH)