TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly dabaraly çärä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly dabaraly çärä gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size hoşallygymyzy bildirýäris. Sizi ýakynda paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze belent derejelere çykýar. Siziň baştutanlygyňyzda berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary derejeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, Siziň parasatly içeri we daşary syýasatyňyzyň bütin dünýäde giňden goldanylýandygynyň güwäsidir.

2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, 2023-nji ýylyň Kuraş boýunça dünýä çempionaty, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş we dürli ýyllarda halkara jemgyýetçiligiň ünsüni paýtagtymyza gönükdiren beýleki iri ýaryşlar Aşgabadyň dünýä derejesindäki ýaryşlary nusgalyk derejede gurap bilýän şäherdigini doly subut etdi. 2025-nji ýylda paýtagtymyzda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada kabul eden çözgüdiňiz Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmek babatda beýik işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär. Ýakynda bolsa Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi” diýlip yglan edilmegi hem-de degişli güwänamanyň gowşurylmagy uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilýär.

Siziň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak baradaky kabul eden Kararyňyz ýurdumyzyň türgenlerini Olimpiýa oýunlaryna we beýleki iri halkara ýaryşlara ylmy esasda taýýarlamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Sportuň innowasion tehnologiýalar arkaly ösdürilýän ýurdunda Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary häzirki döwrüň ýaşlarynyň sazlaşykly ösmegine goşant goşup, olaryň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerde we dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýan sportuň fijital görnüşleri boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen ýaryşlar uly ruhubelentlige beslendi. Türkmen sportunyň üstünlikleriniň şanyna halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabaralarynyň guralmagy, ýeňijilere Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy türgenlerimizi Watanymyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermäge, iri ýaryşlarda ýaşyl tugumyzy belentde parlatmak üçin täze sport ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň taýsyz tagallalaryňyz esasynda ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň we dürli ekologik çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Welosiped ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşi bolmak bilen, ýaş nesilleriň beden saglygyny berkitmekde iňňän möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabatda welosiped sürmek boýunça «Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň» geçirilip, dünýä rekordynyň goýulmagy hem-de «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň» Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, paýtagtymyzyň ajaýyplyklarynyň birine öwrülen «Welosiped» binasy, Olimpiýa şäherçesiniň ýöriteleşdirilen desgalarynyň biri bolan üsti ýapyk Welotrek binasy eziz Diýarymyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini dünýä äşgär edýär. Ata Watanymyzda ilkinji gezek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunda Mary — Tejen — Aşgabat ugry boýunça uzak aralyga welosipedli ýörişiň guralmagy hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Siziň her bir parasatly başlangyjyňyz, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde bitirýän beýik işleriňiz biziň üçin nusgalyk mekdepdir. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ýokary depginde ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işleriňiz, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly dabaraly çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda döreden giň mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent, halkymyzyň we bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen tutumly işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly dabaraly çärä gatnaşyjylar.