
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda, her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň dostlugy we parahatçylygy, sportuň, ynsanperwerligiň beýik taglymlaryny, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýandygy nygtalýar. 3-nji iýun milli senenamamyza şanly baýram hökmünde girdi. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreler Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny has-da belende galdyrýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyzy Bütindünýä welosiped güni bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyzy şanly waka bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutladylar.
(TDH)