TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda halylaryň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, milli guwanjymyz, maşgala ojagynyň bezegi bolup durýandygyny belleýärler. Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan gözelligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halylarynda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarynda haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň, Watanymyzyň häzirki döwürde gazananlaryna buýsanjyň hem-de ýagty geljege ynamyň nyşanydyr.

Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp baýram bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk hem-de halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, M.Mämmedowa, R.Meredow, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew mähirli hem-de tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Türkmen halysynyň baýramy bilen hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar.

Hatlarda we telegrammalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň halkara çäreleriň we sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigi nygtalýar. Gurlup ulanmaga berlen köp sanly döwrebap sport desgalary milli sport ulgamyny kämilleşdirmäge, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hemmetaraplaýyn ösdürmäge, türgenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Hatlary iberenler bu şanly waka bilen mähirli gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzy Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, M.Mämmedowa, R.Meredow, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp waka bilen ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

(TDH)