TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäräniň üstünlikli geçmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçiligiňiz üçin, Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Halkara serginiň türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar hem-de Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşykly geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Siziň bimöçber aladalaryňyz bilen ýokary derejede guralan bu halkara sergi şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde gazanylan üstünlikleri we geljekki meýilnamalary hemmetaraplaýyn açyp görkezdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryny aýdyň görkezýän diwarlyklar sergini görmäge gelýän adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Olar sergide sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, serginiň innowasiýa häsiýetine we guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Köp sanly daşary ýurtly myhmanlar Aşgabadyň şähergurluşyk ulgamyna, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna degişli ekspozisiýalary uly gyzyklanma bilen synladylar. Munuň özi şäher gurluşygynda yzygiderli tejribe toplaýan türkmen işewürleriniň geljekki täze taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda uly ähmiýete eýedir.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralan bu köpugurly halkara sergi diňe bir görkezilýän harytlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlanman, gurluşyk harytlaryny öndürmäge, şeýle-de häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýa işläp taýýarlamalaryny hödürleýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini-de görkezdi. Bu giň möçberli halkara sergi türkmen telekeçileriniň şähergurluşyk ulgamynda dünýäniň işewür toparlary bilen ozal bar bolan gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we geljekde işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryna täze itergi berdi.

Türkmenistanyň paýtagty ak mermere beslenen Aşgabat dünýäde iň gözel, ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwrüldi. Binagärlik-gurluşyk keşbinde dünýä gazananlaryny özüne siňdiren bu merjen şäheriň ösüşlerinde, ýeten sepgitlerinde Siziň çäksiz aladalaryňyz aýdyň ýüze çykýar. Özboluşly belent binalaryň we desgalaryň gurluşygynda döwrebap talaplara aýratyn ähmiýet berilýär. Olarda esasy ugur hökmünde ýokary hil, gözellik, ekologiýa derejeleriniň üpjün edilmegi we uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan täzeçil çemeleşmeleriň ulanylmagy saýlanylyp alynýar.

Ak mermerli Aşgabatda halkara ähmiýetli maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu ýerde geçirilýän halkara syýasy we medeni çäreleriň ählisiniň hem özboluşlylygy, guramaçylygy bilen tapawutlanýandygyny olara gatnaşýan ýokary derejeli myhmanlar belleýärler. Şeýle çäreleriň hatarynda däbe öwrülen ýokary derejeli duşuşyklary, forumlary, dürli festiwallary, daşary ýurtlaryň Medeniýet günlerini, halkara ylmy maslahatlary görkezmek bolar. Sebitiň hem-de dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň biri bolan gözel Aşgabat soňky döwürde dünýäniň işewürlik merkezi hökmünde hem uly meşhurlyga eýe boldy. Muňa bu ajaýyp şäherde dünýä ähmiýetli halkara çäreleriň yzygiderli guralýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Dünýäniň şäherleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi guwandyryjy wakalaryň biri bolup, türkmen paýtagtynyň taryhynda altyn harplar bilen ýazylar.

Şu ýyl tutuş Türkmenistanda, şol sanda onuň gözel paýtagty Aşgabatda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden hem dabaraly bellenilýär. Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň jemi 24-siniň heýkelleri ýerleşdirilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bolsa dünýä nusgalyk eserleri döreden şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilip geçilmegi, bu sene mynasybetli toý-dabaralaryň giňden guralmagy ähli watandaşlaryňyzyň buýsanjyny artdyrýar. Çünki türkmen halkynyň ýokary derejede özgeren ak mermerli paýtagty Aşgabada söýgüsi, hormat-sarpasy çäksizdir.

Köpugurly halkara serginiň dowam eden günlerinde geçirilen tanyşdyrylyş, haryt öwreniş çäreleri, duşuşyklar, gepleşikler işewürlerde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma döretdi. Hyzmatdaşlygyň köp ugurlary, şol sanda Aşgabat şäherine täze maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde halkara gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşdy.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Size «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz hem-de bu möhüm çäräniň ýokary derejede geçirilmegine döreden ajaýyp mümkinçiligiňiz üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Size Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň, onuň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli hem tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriňiz hemişe rowaç alsyn!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylar.