
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň, mugallymlarynyň we ähli bilim işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!
Size Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagyňyz, şeýle hem bu baýramçylyk dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin çäksiz sagbolsun aýdýarys. «Soňky jaň» dabarasynyň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşyp gelmegi agzybirligimizi pugtalandyrýar, eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiz, Size buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Siziň eziz Watanymyzyň rowaçlyk ýoly bilen pajarlap ösmegine, parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň dabaralandyrylmagyna gönükdirilen öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyňyzyň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Hormatly Gahryman Prezidentimiz!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bu günki gün Garaşsyz Watanymyz gurmak we döretmek ýoly bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden ugur alyp, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşlerine, öňdebaryjy innowasiýalara we milli ýörelgelerimize daýanyp, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de beýleki milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda we strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, eziz Diýarymyzyň ähli obadyr şäherlerinde häzirki zaman bilim edaralary gurlup, okuw maksatnamalary, okuw kitaplarydyr gollanmalar kämilleşdirilýär, iň täze bilim usullary, maglumat tehnologiýalary özleşdirilýär.
Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça işler dowam edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, bilimiň mümkinçilikleriniň yzygiderli artdyrylmagyna, ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrebap şertler, giň mümkinçilikler mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegine, täze bilimleri özleşdirmegine, halkara derejedäki hünärleri öwrenmegine, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siz taryhy Kararyňyz bilen, bu dabaraly günde Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassykladyňyz. Bu hoş habar bize çäksiz şatlyk, joşgun bagyşlady. Biz — mugallymlar we bilim işgärleri bu konsepsiýa esasynda bilim ulgamynyň täze ösüşlerine badalga berjek işleri amala aşyrarys, kämil nesilleri terbiýelemek hem-de milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy üçin ähli tagallalary ederis. Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän beýik işlere biz örän guwanýarys we buýsanýarys.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň Oguz handan, Gorkut atadan, Görogly begden, Magtymguly Pyragydan gözbaş alýan pähimdar danalygyňyz, mähriban pederlerimiziň mukaddes ýörelgelerine ygrarlylygyňyz biziň üçin nusgalyk mekdepdir.
Siziň ömrüni nesil terbiýesine bagyş eden garry ataňyz — ilhalar ynsan, watançy esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýew, her bir işde görelde bolan eziz ataňyz Mälikguly Berdimuhamedow watansöýüjiligiň hakyky nusgasyny döreden beýik ynsanlardyr.
Siziň mähriban pederiňiz — Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri, kalbymyzda watansöýüjilik, dostluk-doganlyk, ynsanperwerlik duýgularyny joşdurýan öwüt-nesihatlary belent ahlaklylyga ýalkymly çagyryşdyr. Çuň pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary biziň üçin deňi-taýy bolmadyk gymmatly gollanmalardyr, ylym-bilim, edep-terbiýe hazynasydyr.
Siziň döredýän mümkinçilikleriňiz, Watany söýmek, bilim almak, ylym, hünär öwrenmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek babatdaky şahsy göreldäňiz bizde ýokary ruhubelentlik döredýär. Bilim almaga höwesiň, ylma bolan söýginiň netijesinde, okuwçy hem-de talyp ýaşlarymyz döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara yzygiderli mynasyp bolup, eziz Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýarlar. Munuň özi bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmek babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň ajaýyp miwesidir.
Sarpasy belent Gahryman Prezidentimiz!
Siziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek babatdaky tagallalaryňyz biziň göwnümizi ganatlandyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Siziň belent ynamyňyzy ödemek üçin, biz eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň has belent bolmagynyň hatyrasyna hemişe ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdigimize, bilim hem ylym başarnyklarymyzy has-da kämilleşdirjekdigimize ynandyrýarys.
Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz elmydama belent bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlary, mugallymlary we ähli bilim işgärleri.