
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisine gatnaşyjylara, ähli halyçy gelin-gyzlara, halyşynaslara iberen çuň manyly, mähirli Gutlagyňyz, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň agzalarynyň türkmen halylary barada ylmy pikirleri alyşmagyna, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriňiziň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Hormatly Prezidentimiz!
Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň geljek nesillere ýetirilmegi, kämilleşdirilmegi, goralmagy, dünýä ýaýylmagy ugrunda alnyp barylýan işler bizi has-da buýsandyrýar.
Siziň goldawyňyz bilen, behişdi bedewlerimiz, akylly, wepaly alabaý itlerimiz, nepislikde, gözellikde deňi-taýy bolmadyk türkmen halylary ýaly naýbaşy milli gymmatlyklarymyzyň baýramlarynyň toý-dabaralara beslenmegi ýurdumyzda olaryň näderejede sarpalanýandygyny dünýä jemgyýetçiligine äşgär edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siz halkymyzyň mukaddeslik hökmünde sarpalap, oňa özüniň bütin ýaşaýyş-durmuşyny, geçmişini, geljegini, ýol-ýörelgesini, pelsepewi garaýyşlaryny, arzuw-hyýallaryny, tebigat gözelligini siňdirip, müňýyllyklaryň dowamynda döreden we kämilleşdiren milli halyçylyk sungatynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýärsiňiz.
Berkarar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen milli halyçylyk sungaty Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Alym Arkadagymyzyň türkmen halylarynyň baky gözelligi baradaky «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary halyçylyk sungaty boýunça düýpli ylmy işleri alyp barmagyň we bu ajaýyp sungatyň syrly dünýäsine aralaşmagyň ygtybarly çeşmesidir.
Siziň: «Asyrlardan gözbaş alýan haly dokamak sungaty hem biziň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýen parasatly sözleriňiz Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny düýpli öwrenmek, olaryň üsti bilen ýaş nesilde ruhubelentligi hem-de arassa ahlaklylygy, halallygy, sadalygy we zähmetsöýerligi, ynsana sarpa goýmagy terbiýelemek babatyndaky esasy ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Belent mertebeli hormatly Prezidentimiz!
Siz belent şöhrata eýe bolan halyçylyk sungatyny ösdürmek babatynda ägirt uly işleri amala aşyrýarsyňyz. Çeper elli halyçylaryň öndürijilikli zähmetine sarpa goýulmagy we has-da tapawutlananlarynyň zähmetine ýokary baha berlip, olara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy Siziň bu ugurda edýän taýsyz tagallalaryňyzyň aýdyň beýanydyr.
Siziň ýörite Kararlaryňyz esasynda, halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze çeper halyçylyk kärhanalary we önümhanalar işe girizilýär. Ýurdumyzyň çeper halyçylyk kärhanalarynda haly önümçiliginiň ösüşi günsaýyn ýokarlanýar, halyçylar oňaýly iş şertleri bilen üpjün edilýär.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde geçirilen haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisine gatnaşyjylar we myhmanlar halkymyzyň özboluşly medeniýeti, gadymy hem-de müdimi sungatyň inçe syrlary bilen tanyşdylar. Sergide türkmeniň çeper elli halyçylary tarapyndan ýurdumyzyň çeper halyçylyk kärhanalarynda dokalan ajaýyp gölli halylar, täsin haly önümleri, şeýle hem milli lybaslar, amaly-haşam sungatynyň önümleri görkezildi. Bu ýerde köp sanly hünärmenleriň we zehinli halyçy zenanlaryň tagallasy bilen täzeden dikeldilen gadymy sungat eserleriniň haýran galdyrýan toplumynyň gadymy nusgalarynyň bolmagy sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Ýüňden we ýüpekden taýýarlanan bu ajaýyp halylar gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri aýdyň şöhlelendirýär.
Siziň howandarlygyňyzda geçen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisinde türkmen halysyny söýüjiler, halyşynaslar, alymlar, hünärmenler tarapyndan türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki ösüşi barada täsirli çykyşlar edildi.
Türkmen halylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, ýurdumyzyň gazananlaryny giň jemgyýetçilige tanyşdyrmak, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Siziň her bir başlangyjyňyz, adamzat jemgyýetçiliginiň öňündäki beýik hyzmatlaryňyz biziň üçin nusgalyk mekdepdir.
Milli halyçylyk sungatynyň ýokary depginlerde ösdürilmegi, Türkmen halysynyň baýramynyň, haly we haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçiligiňiz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Siziň janyňyzyň sag, mertebäňiziň hemişe belent bolmagyny, türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňiziň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň halyçylary, haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisine gatnaşyjylar.