
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň gün-günden gözelleşýändigi, dünýäniň ösen hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýändigi bellenilýär. Aşgabat halkara hyzmatdaşlygyň, Bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň ykrar edilen merkezi bolup durýar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutlag hatyny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem tüýs ýürekden gutladylar.
(TDH)