
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda bu baýramyň döwlet gurluşynyň ýörelgelerini hem-de türkmen halkynyň demokratik tejribesini özünde jemleýän ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen gününi, Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes tugunyň döredilen gününi birleşdirip, milli jebisligi dabaralandyrýandygy, döwletimiziň belent ynsanperwer taglymlara ygrarlydygyny alamatlandyrýandygy bellenilýär. Gutlaglary iberenler Döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine alyp barýan ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Garajaýew, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly M.Öwezow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.Batyrşin, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Naýçen, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi R.Harazýan, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi K.Sabiaşwili, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, “Altkom” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi bilim ministri B.Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D.Annaýew, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow mähirli gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen Kerki etrabynyň häkimi M.Gaýipow, Suratkeşler birleşiginiň başlygy Ç.Ýazmyradow, H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory M.Annagulyýewa, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew we beýlekiler gutladylar.
(TDH)