
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl tugumyzyň şöhratly taryhymyzy alamatlandyrýandygy, ýurdumyzyň bagtyýar şu gününiň we beýik geljeginiň kepili, halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň mizemezdigini tassyklaýan gymmatlyklar bolup durýandygy bellenilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň adyndan M.Çakyýew, G.Akmämmedow, A.Atamyradow, B.Annaýew, H.Hudaýgulyýew, D.Saburow tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we türkmen diplomatlarynyň adyndan R.Meredow, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Hajiýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Orazow, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Serýaýew, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Amannazarow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Palwanow, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew, Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Ataýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Gölliýew, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow, Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy M.Çaryýew, “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, “Adalat” gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, “Aşgabat” gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory B.Myradow, “Arkadag” gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, “Watan” gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, “Nesil” gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, “Esger” gazetiniň baş redaktory S.Myradow, “Diýar” žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, “Garagum” žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, “Zenan kalby” žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, “Güneş” žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň başlygy P.Tugurow iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi şanly baýramçylyk bilen Daşoguz şäheriniň häkimi N.Çopanow, Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Magtymguly etrabynyň häkimi R.Saparberdiýew, Ýolöten etrabynyň häkimi M.Goşaýew, Akdepe etrabynyň häkimi Ý.Gowşudow, Bäherden etrabynyň häkimi S.Çopanow, Demokratik partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty K.Gurbanow, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşiniň başlygy Ç.Seýitow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy A.Allaýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşiginiň başlygy Ý.Abdyrahmanow we beýlekiler gutladylar.
(TDH)