
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlarda bu şanly baýramçylygyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, onuň demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky garaýşyny alamatlandyrýandygy bellenilýär. Konstitusiýa we Döwlet baýdagy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, Bitaraplygynyň, beýik geçmişimiziň, bagtyýar şu günümiziň hem röwşen geljegimiziň nyşanlary bolup durýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew, dokma senagaty ministri R.Rejepow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy N.Atagulyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow iň oňat arzuwlaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimizi şanly baýramçylyk bilen Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň direktory N.Garryýew, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işgärleriniň adyndan M.Berdimyradowa, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň direktory M.Kakageldiýewa, Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy G.Jelilow, Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy D.Annageldiýew, Daşoguz welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy A.Meredow, Mary welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy S.Ataýew, Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany H.Goçyýew we beýlekiler gutladylar.
(TDH)