
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylara iberen çuň manyly Gutlagyňyz, bu çäräniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi babatda döreden ähli şertleriňiz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrylýar. Häzirki döwürde ýurtda halkara derejede geçirilýän çäreler medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň aýdyň ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistanda guralýan çäreler ählumumy parahatçylygy berkitmäge, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahatyň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de şahyryň 60 metr belentlikdäki ajaýyp ýadygärliginiň açylyş dabaralary bilen utgaşykly gelmegi ajaýyp waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de Siziň bimöçber tagallalaryňyz netijesinde gurlan bu desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagymyz biziň ählimizi örän begendirdi. Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň örboýuna galyp duran beýik ýadygärligi bagtyýar türkmen halkynyň döwletliliginiň, agzybirliginiň hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşleriniň aýdyň nyşanydyr. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä döwletleriniň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan dost-doganlyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere hemişe ygrarlydygynyň özboluşly güwäsidir.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmen topragynda bolan günlerimizde biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gül goýmak dabarasyna gatnaşdyk. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine hem-de bu ýerdäki medeni ojaklara baryp gördük, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etdik. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde biz türkmen kärdeşlerimiz, ýurduňyzyň resmi wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdik. Duşuşyklarda medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, özara tejribe alyşmak we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Siziň baştutanlygyňyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden öwrenmek, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň göz ýetirdik. Türkmenleriň myhmansöýerligini, açyk göwünliligini, dost-doganlyk gatnaşyklaryna goýýan çuňňur hormat-sarpasyny ýakyndan duýduk.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahatyň işiniň bölümçeler boýunça dowam etmegi bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. «Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi», «Häzirki zaman dünýäsinde Magtymguly Pyragynyň pelsepe taglymatlary», «Magtymguly Pyragy we dünýä medeniýeti», «Dünýäde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şöhratlylygy» atly bölümçelerde dana şahyryň eserleriniň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti, parahatçylyk söýüjilik we agzybirlik ýörelgeleri, dost-doganlyk gatnaşyklary barada täsirli gürrüňler edildi.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikler, alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilikler, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahatyň ýokary guramaçylykly we üstünlikli geçirilmegi ugrunda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size ýene bir ýola tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan giň möçberli işleriňizde hemişe rowaçlyklar ýaranyňyz bolsun! Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň elmydama belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylar.