
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän günlerinde medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat bilen utgaşyklykda geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, bu forumyň ýokary derejede geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrundaky ynsanperwer başlangyçlaryňyzyň, ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, jemgyýetiň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň, milli mirasynyň dünýäde dabaralandyrylmagy babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlary bilen hem-de Siziň parasatly baştutanlygyňyzda türkmen halkynyň milli mirasyny, medeni gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça mynasyp işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmeginiň çäklerinde Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler, onuň edebi mirasyny öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän işler diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem, belli gündogary öwreniji alymlarda, nusgawy edebiýata uly sarpa goýýan dünýäniň ähli halklarynda hem uly buýsanç duýgularyny döredýär.
Magtymguly Pyragy umumadamzat gymmatlyklaryna taýsyz goşant goşan şahyrdyr. Halklaryň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik akyldar bütin adamzada ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. Şol şygyrlardaky paýhas eleginde elenen, ähli döwürde milli we ählumumy derejede ähmiýetli bolan sagdyn pikirler diňe bir türkmen halkynyň geljegi üçin däl, bütin adamzadyň ruhy-medeni durmuşy üçin hem mynasyp ýol-ýörelge boldy. Hut şonuň üçin-de şahyryň şygyrlary dünýä edebiýatynyň medeni gymmatlyklaryna, adamzat paýhasynyň genji-hazynasyna öwrüldi.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, akademik, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy başlangyçlarynyň Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mynasyp dowam etdirilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guralýan medeni çäreler, ýokary derejeli forumlar, maslahatlar, sergiler, beýleki köpugurly çäreler Siziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen ynsanperwer daşary syýasatyňyzy bütin dünýäde giňden dabaralandyrýar. Magtymguly Pyragynyň öçmez-ýitmez döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, şahyryň ýaşan zamanasynyň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlaryny, onuň döwletlilik, wagyz-nesihat, sopuçylyk, dünýewi häsiýetli hem-de halklaryň dostluk köprüsine öwrülen ynsanperwer garaýyşlaryny, milli taglymatyny öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen bu halkara ylmy maslahat, şeýle hem onuň çäklerinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine guralan gezelenç, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň ýadygärliginiň açylyş dabarasy bizde unudylmajak täsirleri galdyrdy.
Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän günlerinde şygyr äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň edebi şahsyýetini dabaralandyrýan bu halkara ylmy maslahat ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegini, türkmen medeniýetiniň hem-de milli mirasynyň dünýäde wagyz edilmegini, parahatçylygyň, medeni diplomatiýanyň pugtalandyrylmagyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen, özara tejribe alşylmagyna ýardam beren we türkmen milli mirasynyň dabaralanmagyna bagyşlanan bu maslahatyň giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýarys.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň üstünlikli geçmegine beren ýardamyňyz, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini hil taýdan kämilleşdirmek, milli-ruhy gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamak, dünýä ýaýmak babatda alyp barýan işleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, ähli işleriňiz elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar.