TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda hem-de telegrammalarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ýaşyl tugunyň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, onuň parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýandygy nygtalýar. Bu üýtgewsiz gymmatlyklar raýatlaryň hukuklarynyň we azatlygynyň ygtybarly kepili, giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň berk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize şanly baýram mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutlag hatyny ýolladylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyza syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny ýolladylar.

(TDH)