TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilen azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçirilen bu halkara sergä Türkmenistanyň hem-de dünýä ýurtlarynyň azyk, gaýtadan işleýän senagat, gaplaýyş serişdeleri we tehnologiýalary, oba hojalygy pudaklarynda iş alyp barýan, öz ugurlary boýunça ýeterlik tejribesi bolan kompaniýalaryň uly gyzyklanma bilen gatnaşmaklary ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmakda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda, häzirki zaman meýillerini kesgitlemekde ajaýyp mümkinçilikleri döretdi.

Ýakyn işewürlik gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, halkara söwda hyzmatdaşlygynyň täze ýollarynyň gözlenilmegine gönükdirilen bu sergi azyk senagatynyň tehnologik enjamlary, döwrebap gaplama serişdeleri, däne we azyk önümlerini saklaýyş ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk, tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk, maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, häzirki zaman suwaryş ulgamlary, tohumlar we dökünler ýaly ugurlar boýunça öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrýan gözden geçirilişe öwrüldi. Ygtybarly hyzmatdaşlar bilen duşuşmak we täze şertnamalary baglaşmak üçin giň mümkinçilik döredilen sergi dünýäniň onlarça ýurdundan oňa gatnaşan kompaniýalara daşarky maýa goýumlar üçin açyk bolan türkmen bazarynda orun almaga itergi berdi.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň çäksiz tagallalaryňyz bilen Türkmenistanda durnukly azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli ykdysadyýetiň oba hojalyk, azyk senagaty pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine, önümçilik düzümlerine häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berlip, munuň üçin ähli şertler döredilýär. Netijede, öndürilýän önümleriň möçberi, köpdürlüligi artdyrylyp, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan ýerli önümçilikler döredilýär we bu önümleriň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberi yzygiderli artýar. Munuň şeýledigine üstünlikli geçirilen halkara serginiň eksponatlarynda, tanyşdyrylyş çärelerinde aýdyň göz ýetirmek boldy. Ygtybarly azyk howpsuzlygynyň döredilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmagy we haryt öndürijilere döwlet derejesinde uly goldawlaryň berilmegi, täze kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi we olara dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, işewürlik gatnaşyklarynyň ilerledilmegine itergi berýär.

Siziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryňyzyň esasynda bu halkara serginiň guralýan günlerinde işewürlik duşuşyklary geçirilip, tejribeleri paýlaşmaga, häzirki zaman gazanylanlar we innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça birek-birek bilen pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň ýokary derejede geçirilmegi babatda beren ýardamyňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan belent maksatly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylar.