
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana, Premýer-ministr Nikol Paşinýana we dostlukly ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny ýollady.
“Garaşsyzlyk ýyllary içinde Ermenistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde hem-de halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny, häzirki wagtda syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda ösüşini okgunly dowam etdirýändigini bellemek guwandyryjydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, bagt, Ermenistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.