
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda türkmenistanlylaryň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweş meýdanlarynda mertligiň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezendikleri, tylda tutanýerli zähmet çekendikleri bellenilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar bu baýram mynasybetli döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine durmuşa geçirýän asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Tažibaýew, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi R.Harazýan, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory A.Beglow, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy B.Sagintaýew iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Ýeňiş güni bilen Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Garajaýew, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly M.Öwezow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Magtymguly etrabynyň häkimi R.Saparberdiýew, Bäherden etrabynyň häkimi S.Çopanow, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşiginiň başlygy Ý.Abdyrahmanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşiginiň başlygy B.Ataýew we beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.