TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda ýurdumyzda watansöýüjilik däplerine çuňňur hormat goýulýandygyny, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ene topraga söýginiň belent nusgasyny görkezip, söweş meýdanlarynda wepat bolan türkmen gerçekleriniň atlarynyň ebedileşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belleýärler. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň maksatlaryna ýetmegiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde egsilmez güýç-gaýrat, täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew, dokma senagaty ministri R.Rejepow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy N.Atagulyýew gutlag hatlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimizi Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa bilim ministri B.Orazdurdyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D.Annaýew, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

(TDH)