
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda ildeşlerimiziň beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde, parahat we asuda durmuşyň hatyrasyna XX asyryň iň gazaply urşunda egin-egne berip, deňsiz-taýsyz edermenlik, gaýduwsyzlyk görkezendikleri bellenilýär. Biz Beýik Watançylyk urşunda jan aýaman söweşen, ýadawsyz zähmet çeken türkmenistanlylaryň gahrymançylygyny hemişe hakydamyzda saklarys. Olaryň edermenligi we gaýduwsyzlygy Watana, halka, tutuş adamzada tüýs ýürekden gulluk etmegiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasydyr. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu baýram bilen mähirli gutlaýarlar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimizi Ýeňiş güni bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy bu baýram bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutladylar.
(TDH)