
Resmi habarlar
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň, her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
***
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.
Daşary işler ministrligi, Içeri işler ministrligi, Döwlet migrasiýa gullugy beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmäge borçly edildi.
***
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň birtoparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.
Daşary işler ministrligi, Döwlet migrasiýa gullugy beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak barada ýüz tutan, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmäge borçly edildi.