
Magtymgulynyň döredijiliginde päk ahlak, watançylyk we mertlik baradaky garaýyşlar
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly hem ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen halkynyň geçmişdäki beýik şahsyýetleriniň, akyldarlarynyň, söz ussatlarynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek we şu günki nesillere ýetirmek barada tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taryhy Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda ýurdumyzda türkmen halkynyň beýik akyldary we ajaýyp söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçiler. Şu mynasybetli TÜRKSOÝ Halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan edilmegi hem türkmeniň ajaýyp şahyryna halkara derejesinde çäksiz sarpa goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy we halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň agzybir hem bagtyýar halky häzirki günlerde türkmen halkynyň berkarar döwletli bolmagyny arzuwlan nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň toý-dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Şu baýramçylyk mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler, aýdym-sazly dabaralar, döredijilik duşuşyklary guramaçylykly geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Alym Arkadagymyz: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr.” – diýip, buýsanç bilen belläp geçýär. Hakykatdan-da Magtymguly Pyragynyň tutuş döredijiligi watansöýüjilige ýugrulandyr. Şahyr watançylyk lirikasynda türkmen tebigatynyň gözelliklerini, dost-doganlygy, agzybirligi wasp edýär, türkmen halkyny bir döwlete gulluk etmäge çagyrypdyr. Türkmen halkynyň dana şahyry ahlak, ynsap, adamkärçilik, watançylyk, harby-gahrymançylyk baradaky paýhasly pikirleri bilen milleti bagtyýar geljege ruhlandyrypdyr. Şahyryň:
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
– diýip, türkmen halkyny bir maksada, bir döwlete, bir döwlet baştutanyna gulluk etmeklige çagyrypdyr. Beýik akyldaryň parasatly pikirleri, dürdäne setirleri halkyň aňynda mydamalyk orun alypdyr.
“Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar” atly kitapda onuň atasy Döwletmämmet Azady, şahyryň özi hem-de döwürdeşleri bilen baglanyşykly halk içinde ýaýran dürli rowaýatlar ýerleşdirilipdir. Çünki halk Magtymgulynyň şahsyýeti, şahyrana dünýäsi baradaky dürli rowaýatlaryň ençemesini döredipdir. Dilden dile geçip, özboluşly çeper mazmuna eýe bolan bu halk eserlerinde Magtymgulynyň ynsanperwerligi, ahlagy, watançylygy, döredijiligi barada söhbet açylýar. Beýik söz ussadynyň durmuşyna, döredijiligine, döwrüne, dost-ýarlaryna dahylly gymmatly çeper maglumatlar özboluşly gymmata eýedir. Şol rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azady Selim magtym diýen bir adam bilen kyýamatlyk dogan okaşypdyrlar. Ol wagtal-wagtal Döwletmämmet Azadynyň öýüne gelip, birküç gün myhman bolar eken. Magtymguly Pyragy eneden bolanda Selim magtym Döwletmämmet Azadynyň öýünde myhmançylykda eken. Döwletmämmet ýaňy dünýä inen çagany Selim magtymyň eline berip: “Şu çaga seniň guluň bolsun!” – diýipdir. Onda Selim magtym: “Goý, bu çaga halkyň guly bolsun!” diýipdir. Şondan soň ol çaganyň ady kem-kemden Magtymguly bolup gidipdir. Şular ýaly rowaýatlar ýokarda ady agzalan ýygyndyda özboluşly beýanyny tapypdyr.
Türkmen halkynyň arasynda mertlik düşünjesi giň mana eýe bolup, ol ynsanperwerlik, adamkärçilik, harby-gahrymançylyk, sahylyk, jomartlyk ýaly garaýyşlar bilen utgaşyklydyr. Türkmen halk döredijiligindäki “Mert söweşde belli, dana – geňeşde”, “Mert ýigitden mert dogar”, “Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar”, “Mert serini berer, syryny bermez” diýen nakyllar hem muny subut edýär. “Aty gerek” atly goşgusynda:
Mert gerek jepa çekmäge,
At gerek dere sökmäge,
Supra ýaýyp, nan dökmäge
Köňlüniň hümmeti gerek.
-diýmek bilen, Watan, il-günüň abadançylygyny goramaga taplanmagyň, ählitaraplaýyn kämilligiň ýolundaky jebri-jepalaryň, durmuş kynçylyklarynyň öňünde ejizlik etmeýän, islendik ýagdaýda, garaşylmadyk pursatlarda ýüze çykyp biljek güzaplara döz gelip bilýän merdiň çeper keşbini orta çykarýar. Durmuşda mynasyp ýaşamak, at-abraý almak üçin ykbal ýolunda ýüze çykýan päsgelçilikleri ýeňip geçmegi başarmaly, aja nanyňy, ýalaňaja donuňy, mätäje goldaw-kömegiňi aýamaly däl. Köňlüňi pespäl saklamaly, bugdaý nanyň bilen bugdaý sözüňi mydama il-günüň bagyş etmeli. Şahyr „Gidiji bolma“ diýen goşgusynda:
Mert ogludyr, ile ýaýar desterhan,
Dogry söz üstünde berer şirin jan,
Ömrüni ötgerip diýmesdir ýalan,
Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma.
-diýip, sahylyk, jomartlyk, eli açyklyk ýaly gowy häsiýetleriň üstüne ýene-de bir esasy zady, ol hem hakykatyň hatyrasyna göreşmegi, ynsanlary ýalan töhmet belasyndan goramakda hem mert durmagy ündeýär. Bu ýerde eýýäm bilegi zorluk düşünjesi, akyly zorluk we adalatlylyk düşünjesi bilen utgaşyklykda açylyp görkezilýär.
Magtymguly Pyragynyň „Başy gerekdir“ atly goşgusy başdan-aýak öwüt-nesihat mazmunly bolup, onda merdiň häsiýetleri birin-birin beýan edilýär. Şahyr „Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli, göwresi giň gerek, özi pähimli, giň ýerde garga deý bolsun wehimli, ýerinde hünäri, işi gerekdir“ diýmek bilen, mukaddes toprak üçin, halkyň abadan, bagtyýar durmuşy üçin merdana, duşmany hem bolsa aman dileýäne geçirimli, nähak ganyň dökülmeginiň öňüni almagy başarýan, pähim-paýhasly, islendik ýagdaýdan oýlanşykly baş çykarmaga ukyply, kämil bolmagy ündeýär. Şeýle hem şahyr mert ýigidiň daşynda ygrarly dostlarynyň, wepaly, gaýduwsyz ýigitleriň bolmagyny ündeýär.
Beýik akyldar mertlik düşünjesini türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik düşünjesi bilen hem utgaşdyrýar.
Magtymguly, öwüt bergin söz bilen,
Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen,
Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,
Namart özün gizlär myhman ýoluksa.
Şahyryň watançylyk mazmunly goşgularynda esasy mazmuny il agzybirligini wasp edýändigindedir. Köňlünde Watan, halka çäksiz söýgi beslän Magtymguly Pyragy ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny türkmen halkynyň bir döwlete gulluk etmegini arzuwlapdyr.
Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn,
Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn,
Bir sufrada eda bolsun aşymyz.
-diýip, türkmen halkynyň agzybirligini, döwlet berkararlygyny, gazanmaklaryny belent ruhda wasp edipdir.
Şahyryň eserlerinde öňe sürülýän esasy pikirler halky agzybirlige, dost-doganlyga çagyrmakdan, ruhy baýlygyny özüne gaýtaryp bermekden, milli gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmekden we millet hökmünde sarpasyny belent tutmakdan ybaratdyr. Pyragynyň eserleriniň pelsepewi gözbaşy giň bolup, ol diňe bir türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda sünnäläp, baýlaşdyryp, ösdürip gelen durmuş pelsepesini, özünden öňki beýik akyldarlaryň däl, eýsem, gündogar edebiýatynyň edebi-çeper garaýyşlaryny çuňňur özleşdiripdir, akyl eleginden geçiripdir hem-de mili ruhda çeperçilikli ösdüripdir.
Magtymguly Pyragy halk döredijiliginiň dürli görnüşlerindäki çeper keşpleri döwrebap ruhda gaýtadan janlandyrmak, çeper serişdeleri, aňlatmalary, çuň many-mazmunly nakyllary, atalar sözlerini jaýdar ulanmak bilen öz şygyrlaryny halk durmuşyna has-da golaýlaşdyrypdyr. Onuň durmuşy, dünýewi mazmunly şygyrlarynda ulanylýan her bir pikir gysga hem sada dilde beýanyny tapypdyr. Akyldar şahyr edebi-çeper söze çuňňur sarpa goýmak bilen:
Magtymguly, ýangyn, öçgün,
Ýa lal otur, ýa dür seçgin.
-diýip, öz garaýyşlaryny taraşlap şagladypdyr, köňül arzuwlaryny kämil derejede çeperçilikli beýan edip, özünden soňky nesillere şuglasy birnäçe ýüzýyllyklardan ýalkym saçýan ajaýyp ýadygärligi miras goýupdyr. Hut şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy özüniň many-mazmuny, çeperçilik gymmaty taýyndan bu günki gün diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem gündogar we dünýä edebiýatynyň hazynasyna öwrüldi.
Magtymgulynyň çuňňur pelsepewi garaýyşyna görä, adamzadyň bu durmuşdaky wezipesi bagtyýar hem eşretli durmuşy ýola goýup, özünden öňki nesilleriň gazananlaryny ösdürip, kämilleşdirip geljekki nesillere nusgalyk işleri, ajaýyp binalary, ymaratlary, bagy-bossanlygy, uly-uly döwletleri miras goýmaly. Munuň üçin adam öz aňynyň mümkinçiliklerinden, pähim-paýhasyndan, pikir etmek, duýmak, akyl ýetirmek, döretmek ýaly ukyp-başarnyklaryny netijeli ulanmaly. Her bir ylymly-bilimli, ukyp-başarnykly ynsan özgelere nusga bolmaly.
Umuman, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde adamkärçilik baradaky garaýyşlary täsirli hem çeperçilikli beýan edipdir.
Berdimyrat ÝALKABOW,
Mary welaýatynyň Mary şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy II derejeli ýuristi.