TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy nygtalýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gutlag hatlaryny iberenler döwlet Baştutanymyzy doglan güni mynasybetli mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-gaýrat, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň geljekde-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow gutladylar.

Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Demokratik partiýanyň başlygy A.Serdarow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.