TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň atşynaslarynyň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ýurdumyzyň mähriban halkyna iberen çuň manyly Gutlagyňyz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň halkymyzyň milli baýlygy, göz guwanjy we ýürek buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimize goýýan belent sarpaňyzyň, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty barha ýokary göterilýär. Siziň ata-babalarymyzyň miras goýan milli buýsanjymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak, atçylyk pudagyny ösdürmek babatda durmuşa geçirýän işleriňiz türkmen atşynaslarynyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda hem-de parahat durmuşda ýaşaýan bagtyýar türkmen halky Siziň her bir başlangyjyňyzy, kabul edýän il-ýurt bähbitli Kararlaryňyzy we çözgütleriňizi ýokary ruhubelentlik bilen garşy alýar. Dana pederlerimizden miras galan gadymy milli däp-dessurlarymyzyň täzeden dikeldilmegi we olara döwrebap öwüşgin berilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetde, syýasatda, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, medeniýetde, sungatda, oba hojalygynda, senagatda, şol sanda atçylyk pudagynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler halkymyzyň röwşen geljegine ynamyny has-da artdyrýar.

Siziň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan, parahatçylygy hem-de agzybirligi maksat edinýän beýik işleriňiziň, alyp barýan içeri we daşary syýasatyňyzyň netijesinde Türkmenistan dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrülýär, eziz Diýarymyzyň halkara derejedäki at-abraýy barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda dünýä döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän halkara maslahatlar, duşuşyklar, dabaraly çäreler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Siz türkmen atşynaslarynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden we kämilleşdiren milli seýisçilik sungatynyň esasynda ösdürip ýetişdiren meşhur ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýärsiňiz.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk pudagyny, şol sanda atly sporty ösdürmek boýunça ähli zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga berlen döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň durky täzelenip, çapuw ýodalary döwrebaplaşdyryldy. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça hem giň mümkinçilikler döredilýär. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Aba Annaýew şäherçesinde atşynaslarymyz üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ussat atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirýän ezber türgenleri taýýarlamak boýunça döwrebap okuw merkezleri döredilýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewlerimizi ylmy taýdan öwrenmek, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleriň anyk mysalydyr.

Türkmen atşynaslarynyň hem-de atçylyk pudagynda tutanýerli zähmet çekýän hünärmenleriň, seýisleriň, türgenleriň, ähli atşynaslaryň adyndan Siziň berýän hemaýat-goldawlaryňyza jogap edip, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň nesil arassalygyny gorap saklamak, şan-şöhratyny belende götermek boýunça mundan beýläk-de netijeli işleri alyp barjakdygymyza ynandyrýarys.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, türkmen halkyny bagtyýar geljege tarap alyp barýan beýik işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşyjylar hem-de ýurdumyzyň atşynaslary.