
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bolan bize iberen çuň manyly Gutlagyňyz, Türkmenistanyň baý taryhyny öwrenmekde uly goşant boljak bu maslahatyň ýokary derejede hem-de netijeli geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň dabaralanmagyny nazarlaýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Bu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Siziň başlangyçlaryňyz esasynda Türkmenistanda ylym ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, dünýäniň meşhur ylmy merkezleri, halkara guramalar bilen bilelikde türkmen halkynyň gadymy taryhy, ynsanyýetiň medeni-ylmy hazynasyny baýlaşdyran medeni we ruhy gymmatlyklary, taryhy-medeni ýadygärlikleri düýpli öwrenilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çäginde ýerleşen we özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren Amul galasynyň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuna we ähmiýetine bagyşlanan «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem muny doly tassyklaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmak, özara tejribe alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda forumyň ähmiýeti örän uly boldy.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmenistan Änew, Nusaý, Altyndepe, Sarahs, Maşat-Misserian, Ürgenç, Margiana, Amul ýaly ýüzlerçe arheologik we binagärlik ýadygärliklerine, medeni-ruhy gymmatlyklara baý mekan bolup, dünýä ylmynyň ünsüni özüne çekýär. Beýik Ýüpek ýoly Nusaý, Merw, Dehistan, Köneürgenç, Amul ýaly şäherleri dürli halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, kämilleşmeginde, maddy we medeni-ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmeginde uly ýardam beren ylmy-medeni merkezlere öwrüpdir. Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen, öz döwründe halklaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan gadymy şäherleriň biri hem Amuldyr. Siz öz Gutlagyňyzda bu şäheriň şöhratly taryhyna ýokary baha berýärsiňiz.
Türkmenistanyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen bu halkara ylmy-amaly maslahat bizde ýakymly täsirleri galdyrdy. Foruma gatnaşan daşary ýurtly we türkmenistanly alymlar «Amul galasy: bilelikdäki arheologiýa gözlegleriniň geljegi», «Beýik Ýüpek ýoly we Amul galasynyň taryhy medeni mirasy» atly bölümçeleriň işi arkaly türkmen halkynyň we Amul şäheriniň baý taryhy, Amul şäherinde medeniýetiň ösüşi, amully alymlaryň ylmy, edebi döredijiligi ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini geljek nesiller üçin gorap saklamak, täzeden dikeltmek, düýpli öwrenmek, olary dünýä jemgyýetçiligine tanatmak ugrundaky başlangyçlaryňyza hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary hem-de Lebap welaýatynyň häkimligi tarapyndan bilelikde guralan maslahatyň medeni meýilnamasynyň çäklerinde bize gadymy Amul galasyna syýahat etmek, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmak üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň üstünlikli geçmegi babatda beren goldawlaryňyz, gülläp ösýän, güneşli türkmen topragyna gelip görmäge, ýurduň ylmy-medeni durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, alyp barýan beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun! Halkara ylmy hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýän we özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürýän başlangyçlaryňyz rowaçlyklara beslensin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar.