
Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy Parižde görkezildi
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bilelikde baýram etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Parižde döredijilik çäresi üstünlikli geçirildi. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.
Esasy çäreleriň hatarynda “Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy” atly sergini, Türkmen-fransuz arheologik toparyň işiniň 30 ýyllygyna gabatlanan ylmy maslahaty, şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertini görkezmek bolar.
ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynyň esasy zallarynyň birinde geçirilen serginiň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan daşary syýasat ugruna berk eýerýär. Nygtalyşy ýaly, Fransiýanyň paýtagtyndaky bu çäre ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny işjeň ilerletmegiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Munuň özi halkymyzyň baý milli mirasyny, Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmäge ýardam berýär.
ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Ernesto Ottone Ramirez öz ajaýyp eserleri bilen türkmen halkynyň şan-şöhratyny belende galdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygy bellenildi. Dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek boýunça giň gerimli işler şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.
Sergide beýik türkmen şahyrynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýan eserlerine aýratyn orun berildi. Şahyryň şygryýeti adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi, onuň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” halkara sanawyna girizilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary hem görkezildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary fransiýaly ýaşaýjylara we Parižiň köp sanly myhmanlaryna däp bolan milli lybaslar, zenanlaryň şaý-sepleri, öý goşlary, ajaýyp türkmen halylary, saz gurallary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Sergide şekillendiriş sungatynyň eserleri, fotosuratlar, häzirki Türkmenistanyň ajaýyp binalaryny, täsin taryhy ýadygärliklerini, tebigatyny we beýlekileri aýdyňlyk bilen beýan edýän wideoşekiller görkezildi.
Döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmen dizaýnerleriniň milli lybaslarynyň özboluşly nusgalarynyň görkezilişi boldy.
Fransiýanyň adamzadyň ösüşiniň taryhyna bagyşlanan meşhur muzeýleriniň birinde Türkmen-fransuz arheologik barlaglarynyň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirilip, çykyşlarda iki ýurduň alymlarynyň bilelikdäki işiniň netijeleri jikme-jik beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ilkinji fransuz arheologik missiýasy (MAFTUR) Fransiýanyň Milli ylmy-barlaglar merkeziniň (CNRS) we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň arasyndaky şertnama esasynda 1994-nji ýylda esaslandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Kaka etrabynyň Ulugdepe diýen ýerinde geçirilen gazuw-agtaryşlaryň, alnyp barylýan dikeldiş işleriniň we bu arheologik ýadygärligiň medeni gatlaklarynda amala aşyrylan barlaglaryň netijeleri hödürlenildi. Çykyş edenler geçen ýyllaryň tejribesiniň ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek boýunça bilelikdäki türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Çykyşlaryň birnäçesinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylda neşir edilen “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu eser türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini içgin öwrenmek, wagyz etmek babatda amala aşyrylýan işleriň giň gerime eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Döredijilik forumynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Dabaranyň barşynda çykyş eden ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Wera El-Huri Lýakýoý, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy merkeziniň direktory Lazar Elundu Assomo, TÜRKSOÝ-nyň Baş direktory Sultan Raýew, şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan, halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýän medeni alyşmalaryň ähmiýetini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli gymmatlyklary aýawly saklamak we ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň ÝUNESKO, TÜRKSOÝ we beýleki guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky saldamly goşandy bellenildi.
Konsertiň maksatnamasy halk aýdym-sazlaryndan, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlardan, ajaýyp türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Nury Muhadowyň eserlerinden, nusgawy we estrada sazlaryndan, folklor-tans çykyşlaryndan ybarat boldy. Tomaşaçylar Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň kamera toparynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. “Miras” folklor-tans toparynyň ýerine ýetiren gadymy küştdepdi tansy hem-de “Türkmen toýy” kompozisiýasy döredijilik çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy. “Gel Türkmenistana!” atly aýdym çäräniň jemlenmesine öwrüldi.
Döredijilik çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Liderine, şeýle hem döwlet Baştutanymyza, fransuz tarapyna we BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna şu çäräniň ýokary derejede guralmagy babatda döredilen şertler, dostlukly ýurduň jemgyýetçiligini baý türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrmaga, onuň özboluşlylygyny açyp görkezmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
(TDH)