TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme foruma gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme foruma gatnaşyjylar bolan bize iberen mähirli Gutlagyňyz hem-de forumyň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Parižde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum iri halkara guramalaryň, dünýä döwletleriniň daşary ykdysady we energetika edaralarynyň, maliýe, nebitgaz, hyzmat ediş kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de hünärmenlerini bir ýere jemläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, tagallalary birleşdirmegiň ýollary boýunça giňişleýin pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň häzirki ýagdaýy, ösüşi we üstünlikleri bilen tanyşdylar. Onuň barşynda ählumumy energetikanyň ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän orny, energiýa howpsuzlygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerine geçmek, metan gazlarynyň möçberini azaltmak, Türkmenistanda amala aşyrylýan we meýilleşdirilýän iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, «Galkynyş» gaz känini, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, köp wagtdan bäri ulanylyp gelinýän ýataklardan nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk, senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk babatdaky taslamalara maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri barada gyzykly çykyşlar diňlenildi.

Halkara foruma gatnaşyjylar dünýäde iri energetika döwleti hökmünde ykrar edilýän Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň, geljegi uly meýdanlarda gözleg-barlag işlerini geçirmegiň, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegiň, uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmagyň, nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak boýunça köpugurly ulgamy döretmegiň, nebitiň, gazyň gözleg-barlag işlerinden başlap, tä iberilmegine çenli ähli iş proseslerinde çykdajylary azaltmagyň, önümçilige ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, täze önümçilik desgalaryny gurmagyň, energiýa serişdeleriniň ygtybarly, netijeli geçirilmegini üpjün etmegiň meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny we ýollaryny kesgitlemek boýunça özara pikir hem tejribe alyşdylar. Iki günläp dowam eden forumyň işi Türkmenistanyň nebitgaz, gurluşyk-senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda maýa goýum taslamalary bilen giňişleýin tanyşmak we maglumatlary alyşmak, olary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatda uly ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Dünýäniň işewürleriniň, maýadarlarynyň, maliýe guramalarynyň Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, daşary ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri aýdyň sebäplere esaslanýar. Siziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda Türkmenistanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşiniň, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelýän berk kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegi — bularyň ählisi deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, ýangyç-energetika pudagynyň ösdürilmegine maýa goýmak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin oňaýly şertleriň we kepillikleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme forumyň öz işini üstünlikli we netijeli tamamlamagy bilen Sizi ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy babatda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini, janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme foruma gatnaşyjylar.