TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň alyp barýan netijeli daşary syýasatyňyz we abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryňyz, anyk işleriňiz netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar. Dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýän Bitarap Türkmenistanda häzirki döwürde beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Gözel Aşgabat şäheri bolsa Ýer ýüzüniň çar künjeginden işewürleriň, alymlaryň, jahankeşdeleriň, köp sanly myhmanlaryň gelip-gidýän, halkara maslahatlaryň, sergileriň, medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ak mermere beslenen türkmen paýtagtynda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi hem oňa gatnaşyjylara özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygyna düşünmäge mümkinçilik berdi.

Ýokary guramaçylykly, netijeli geçirilen bu wekilçilikli maslahata gatnaşyjylar bolan biz Siziň iberen Gutlagyňyza, hoşniýetli arzuwlaryňyza, bu çäräniň üstünlikli geçmegi üçin beren goldawyňyza, döreden uly mümkinçilikleriňize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Gadymyýetde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda, örän amatly ýerde ýerleşen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu gadymy kerwen ýoluny dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň ýoluna öwürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe Kararnamalar kabul edildi. Şolara laýyklykda, Türkmenistanda, sebitde we Ýewraziýa giňişliginde uly taslamalar durmuşa geçirilip başlandy. Häzirki wagtda Siz bu giň möçberli işleri mynasyp derejede dowam etdirýärsiňiz.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ulag-kommunikasiýalar ugurlarynda başlangyçly çykyş etmegi dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Köpşahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylky mejlisleriniň işine işjeň gatnaşýandygy aýratyn bellärliklidir.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň baştutanlygyňyzda häzirki zaman ulag düzüminiň döredilmegi Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Siziň kabul eden we durmuşa geçirýän uzak möhletleýin milli maksatnamalaryňyzda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Çäk taýdan örän amatly ýerleşýän Türkmenistan soňky ýyllarda sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag hem-de logistik merkez hökmündäki ornuny barha pugtalandyryp, öz ägirt uly kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Ýurtda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirjek transmilli demir ýol geçelgeleriniň, howa menzilleriniň, deňiz portunyň, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpugurly awtomobil ýollarynyň gurulmagy ulag ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bu bolsa häzirki döwrüň geosyýasy we geoykdysady ösüş zerurlyklary bilen şertlendirilendir.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen nobatdaky mejlis ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde ulag meselesi boýunça netijeli gepleşikleriň zerurdygyny we yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini nobatdaky gezek tassyklady. Üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýetine bagyşlanan bu ýokary derejeli maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi Siziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň we döredijilikli başlangyçlaryňyzyň halkara guramalar tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Forumyň geçýän döwründe biz türkmen halkynyň myhmansöýerligine, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigine doly göz ýetirdik. Ak mermere beslenen Aşgabadyň, Köpetdagyň ajaýyp künjeginde dörän Arkadag şäheriniň özboluşly gözellikleri, milli binagärligi, bagy-bossanlygy bizi has-da haýran galdyrdy.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň guramaçylykly, ýokary derejede geçmegi babatda ähli zerur şertleri döredendigiňiz, bildirilen myhmansöýerlik üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Hoşniýetli, ruhubelent türkmen halkyna bolsa hemişe agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, bagtyýar durmuşyň ýar bolmagyny arzuwlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkyňyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar.