Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran 11533-nji karary bilen tassyklanan „Çaphana işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama“ laýyklykda Çaphana işini ygtyýarlylandyrmagy guramaga bildirilýän hökmany talaplar we şertler
«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama almak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzany degişli ygtyýarlylandyryjy edara berýär, onda şu aşakdakylar görkezilýär:
1) edara görnüşindäki tarap üçin – doly ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we senesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hukuk salgysy, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky ýeri (ýerleşişi);
2) şahsy tarap üçin – familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary, onuň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky resminamanyň belgisi we senesi (hususy telekeçi hökmünde bellige alnan şahsy tarap üçin), hususy salgyt belgisi, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky ýeri (ýerleşişi).
2. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza şu aşakdakylar goşulýar:
T/b |
Mazmuny |
Bellikler |
1. |
edara görnüşindäki tarap üçin:
|
|
|
||
|
||
2. |
şahsy tarap üçin: 2.1. hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgasy; 2.2. onuň pasportynyň nusgasy |
|
|
Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.02.2011ý. senedäki 11533 belgili „Neşirýat we çaphana işlerini ygtyýarlylandyrmak hem-de Neşirýat işi hakyndaky Düzgünnamalary tassyklamak baradaky“ kararyna laýyklykda tassyklanan „Çaphana işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamanyň“ talaplaryna laýyklykda:
1. Ygtyýarnama bermek baradaky arzada ygtyýarnamanyň dalaşgäri özüniň amala aşyrmagy maksat edinýän çaphana işiniň görnüşini görkezýär, şeýle hem bu işi ygtyýarlylandyrmagyň we amala aşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanşandygyny habar berýär we olary ýerine ýetirmäge borçlanýar.
2. «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ygtyýarnamanyň dalaşgäri çaphana işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamany almak üçin, Ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnama bermek baradaky arzasynyň ýanyna şulary goşmalydyr:
1) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelýändigini tassyklaýan resmi namalary:
T/b |
Mazmuny |
Bellik |
1. |
ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da çaphana işiniň alnyp barylmagyna jogapkär işgäriň (çaphana işi amala aşyrylanda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegine jogap berýän we zähmet şertnamasy boýunça doly iş güni işleýän) çaphana ugrundan ýokary biliminiň ýa-da çaphana ulgamynda azyndan 3 ýyl iş tejribesiniň bardygyny tassyklaýan (köpeldiş işiniň tölegli hyzmatlary bilen meşgullanmakdan başga) güwänamasy; |
|
2. |
ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da çaphana işine jogapkär işgäriň bilimi barada resmi namalarynyň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy; |
|
3. |
zähmet depderçesiniň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy; |
|
4. |
4.1. arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň; 4.2. ýangyn howpsuzlygy; 4.3. tebigaty goramak; 4.4. polisiýa edaralarynyň 4.5. Ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarnama laýyklykda ýerine ýetirmegi bellenen işinde ulanjak binalarynyň we tehniki enjamlarynyň arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş, gigiýeniki, ekologiki, ýangyna garşy göreşe degişli talaplara we şertlere, tehnologiki ölçeglere we düzgünlere laýyk gelýändigi, şeýle hem desgalaryň, oturdylan enjamlaryň we beýleki tehniki serişdeleriň bikanun peýdalanylmagyny aradan aýyrýan aýratyn talaplara laýyk gelýändigi barada ýazan namalary |
|
|
||
|
||
|
||
|
||
5. |
5.1.–hususy eýeçilikdäki ýa-da şertnama esasynda kärendä alnan enjamlary satyn almaga Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan bellenen tertipde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hasaba alnan ýerindäki welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirlikleriniň rugsady 5.2.– enjamlaryň olar tarapyndan hasaba alnandygy baradaky resmi namalary; |
|
|
||
6. |
işiň ygtyýarlylandyrylmaga degişli görnüşiniň düzüminde görkezilen işleri, hyzmatlary berjaý etmek üçin (eýeçilik hukugynda, kärendesine alnan ýa-da beýleki kanuny esasda) binanyň (jaýyň) bardygyny görkezýän resmi namalaryň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy |
|
7. |
oturdylan çaphana (köpeldiji) enjamlarynyň sanawyny, olaryň gelip çykyşy barada maglumatlary, kysymyny, öndürijiniň belgisini, çykarylan ýylynyň, öndürilýän önümleriň görnüşlerini görkezmek bilen kuwwatlylygy |
|
8. |
belgilenen, tikilen we polisiýa bölümi tarapyndan möhürlenen «Çaphana (köpeldiji) enjamlaryny hasaba alyş kitaby |
|
9. |
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan berilýän «Hyzmatlaryň laýyklyk sertifikaty» we «Howpsuzlyk sertifikaty»; |
|
10. |
ýangyn we tehniki howpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda önümçilikde enjamlaryň ýerleşdirilmesiniň taslamasyny we ol taslama düşündiriş haty |
|
11. |
ozal alnan, şol sanda çaphana işiniň amala aşyrylmagyna hukuk berýän ygtyýarnamalar baradaky maglumatlar |
|
12. |
ygtyýarnamanyň dalaşgärinde işlenip çykarylmagy göz öňünde tutulýan önümler babatda standartlaşdyrmak boýunça bar bolan, bildirilýän tehniki talaplary özünde jemleýän tehniki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, hereket edýän tehnologik, zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça resmi namalaryň sanawy |
|
Ygtyýarnama talaplary we şertleri
1. Ygtyýarnamanyň dalaşgärine (ygtyýarnamala) bildirilýän ygtyýarnama talaplary we şertleri şulardan ybaratdyr:
1) poligrafiýa kärhanalarynyň zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň hem-de bu ugurdaky beýleki kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryna laýyklygy;
2) öndürilýän önümlere bolan talaplary özünde jemleýän çaphana ugry boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça hem-de enjamlary ulanmak we tilsimatlary ýola goýmak boýunça gözükdirmeleriň, şeýle hem önümleri öndürmegiň tilsimatyna baglylykda ekologik pasportyň bolmagy;
3) bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelmeginiň synagyndan geçmegi (köpeldiş işiniň tölegli hyzmatlary bilen meşgullanmakdan başga);
4) pudakda bar bolan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli çap önümlerini öndürmegiň üpjün edilmegi;
5) çaphana işine jogapkäriň üýtgändigi barada 1 aý möhletde Ygtyýarlylandyryjy edara ýazmaça habar berilmeginiň hökmanylygy;
6) çaphana (köpeldiji) enjamlarynyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenen tertipde satyn alynmagy;
7) elektrofotografiýa usulyny ulanmak arkaly köpeldiş işleri bilen meşgullanylanda (tölegli hyzmatlar edilende) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ylalaşylyp, Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenen esasy talaplaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi;
8) görnüşleri Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenen, berk hasapda durýan kitap görnüşinde belgilenen, tikilen we polisiýa bölümi tarapyndan möhürlenen «Sargytlary hasaba alyş kitabynyň» we «Möhürleri we möhürçeleri hasaba alyş kitabynyň» bolmagy.
2. Ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň şu ýagdaýlardaky bozulmalary Ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga esas bolup durýar:
1) ygtyýarnamalynyň ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek baradaky arzasynyň bellenen möhletde gowşurmazlygy;
2) çaphana işiniň şu Düzgünnamanyň 28-nji bölüminiň 3-nji kiçi bölüminde görkezilen talaplarynyň bozulyp (bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelmeginiň synagyndan geçmegi (köpeldiş işiniň tölegli hyzmatlary bilen meşgullanmakdan başga), amala aşyrylmagy;
3) sargytçylardan (çaphana hyzmatlaryny ulanyjylardan) ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşini amala aşyrýan döwründe ygtyýarnamalynyň kanunçylyga garşy gelýän ýa-da başarnyksyz hereketiniň netijesinde olara ýetirilen ýitgi we (ýa-da) zyýan hakynda şikaýatyň gelmegi;
4) barlag döwründe Ygtyýarlylandyryjy ýa-da beýleki gözegçilik edaralary tarapyndan talap edilen zerur resmi namalary görkezmekden ygtyýarnamalynyň esassyz boýun gaçyrmagy;
5) çaphana ugry boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan çap edilen ýeri baradaky maglumaty bolmadyk çap önümleriniň goýberilmegi, öndürilen önümleriň görnüşlerini we mukdaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän hukuk we hasabat resminamalarynyň bellenen tertipde taýýarlanmazlygy;
6) şu Düzgünnamanyň 28-nji bölüminiň 6-njy kiçi bölüminde göz öňünde tutulan talaplaryň bozulyp (çaphana (köpeldiji) enjamlarynyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenen tertipde satyn alynmagy), çaphana (köpeldiji) enjamlarynyň satyn alynmagy;
7) ygtyýarlylandyrylan işiň düzüminde rugsat berilmedik işleriň görnüşleriniň amala aşyrylmagy;
8) şu Düzgünnamanyň we işiň aýry-aýry görnüşlerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bildirýän talaplaryny we şertlerini ygtyýarnamalynyň ýerine ýetirmezligi.
3. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak barada çözgüt kabul etmek bilen, Ygtyýarlylandyryjy edara şu aşakdaky ýagdaýlarda ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kazyýete talap arzasyny berýär:
1) ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirse;
2) ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüdiň bikanunlygy ýüze çykarylsa;
3) şu „Ygtyýarnama talaplary we şertleri“ göçürmäniň 2-nji bölüminde bellenen ygtyýarnama talaplary we şertleri (Ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň şu ýagdaýlardaky bozulmalary Ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga esas bolup durýar) 1 senenama ýylynyň dowamynda iki we şondan köp gezek bozulsa.
Çaphana işini ygtyýarlylandyrmaga bildirilýän aýratyn talaplar
1. Çaphana işiniň düzüminde göz öňünde tutulýan gymmatly kagyzlary we berk hasabatda durýan blanklary (resminamalary), şeýle hem möhürleri we möhürçeleri ýasamaga ygtyýarnama bermek, gaýtadan resmileşdirmek, möhletini uzaltmak ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul etmek üçin goragly çaphana önümleri boýunça seljerme iş toparynyň (mundan beýläk – seljerme iş topary) degişli netijesi hökmandyr.
2. Seljerme iş toparynyň wezipesi ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň şu aşakdakylar taýýarlananda şu Düzgünnamanyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklygyny kesgitlemekden ybaratdyr:
1) goramak zerurlygy olaryň taýýarlanmagyny tertipleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan önümleri poligrafiýa, golografiýa, habarlylyk, mikroprosessor we beýleki gorag usullaryny ulanmak bilen goragly çaphana önümleriniň doly ýa-da bölekleýin galplaşdyrylmagynyň öňüni almaga ukyplylygyny;
2) taýýarlanmagy göz öňünde tutulýan möhürleriň we möhürçeleriň ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan hödürlenen nusgalarynyň gorag elementleriniň teswirlemesiniň we gorag derejesiniň görkezmesiniň esasynda bellenen talaplara laýyklygyny.
3. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ýerine ýetirýän işleriniň düzüminde gymmatly kagyzlary we berk hasabatda durýan blanklary (resminamalary) hem-de bellenen derejede goralmagyny talap edýän möhürleri we möhürçeleri ýasamak görnüşi bar bolan ygtyýarlylandyrylan işiň bu görnüşlerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny berjaý etmelidir we olar taýýarlananda ýörite materiallary hem ulanmalydyr.
4. Goragly çap önümlerini ýa-da möhürleri we möhürçeleri ýasamaga seljeriş iş toparynyň kanagatlanarly netijesi aşakdakylara laýyklykda berilýär:
1) başga çaphana önümlerini öndürýän jaýlardan aýratyn ýerleşdirilen, jemlenen görnüşinde ýasalmagyny üpjün edýän ýörite tilsimatly enjamlaryň bolmagyna hem-de işiň şu görnüşini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna we şertlerine doly gabat getirilip, galp ýasalmagyndan we hyýanatçylykly peýdalanylmagyndan goralmagynyň ýokary derejede üpjün edilmegine;
2) ulanýan jaýlaryny (tutýan ýerlerini) gorap saklamak düzgünleriniň talaplaryny ýerine ýetirmäge şertleriniň bolmagyna;
3) zerur bolan tehniki we tilsimat resminamalarynyň bolmagyna;
4) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň (ygtyýarnamalynyň) işgärleriniň düzüminde çaphana önümçiliginiň tilsimatlary boýunça azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan hünärmenleriniň bolmagyna;
5) ygtyýarnamanyň dalaşgärinde hasaba alyş ulgamynyň hem-de taýýarlamagyň we olary saklamagyň ýörite talaplarynyň üpjün edilmegi boýunça şertleriň bar bolmagyna.