TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa hem-de ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Gahryman Arkadagymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Anwar Ibrahime hem-de XVI Ýokary Baştutan Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Gyrgyz Respublikasynyň geçen ýyllaryň dowamynda durmuş-ykdysady ösüşinde we halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek ýakymlydyr. Türkmenistan Gyrgyz Respublikasy bilen ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz hatynda belledi we soňky ýyllaryň dowamynda doganlyk halklarymyzyň arasyndaky ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň netijesinde üstünlikli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä ýetendigini aýratyn nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we mundan beýläk-de abadançylyk arzuw etdi.