TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistan – Wengriýa: özara bähbitli gatnaşyklaryň uly geljegi

Okuwçy döwrümiz Ýer ýüzüniň geografiýasyny öwrenenimizde deňizler, derýalar we köller hakynda bilmek gezegi gelende, sanawda iň uly derýalaryň biri bolan Dunaý derýasy dogrusynda hem içgin durlup geçilerdi. Esasy ýadymyzda galan maglumatlara salgylansak, onda bu derýanyň Ýewropadan akyp geçýändigini bilýäris. Günbatar yklymda ýerleşýän köp döwletleriň paýtagtlarynyň merkezinden geçip, Gara deňze çenli guýýan derýanyň uzynlygy 2 müň 860 kilometre barabardyr. Derýanyň aglaba bölegi Rumyniýadan (28,9 göterim) soňra ikinji orunda Wengriýanyň (11,7 göterim) çäginden akyp geçýär. Ol «Danube», «Dunaw», «Duna», «Ister» diýlip dürlüçe atlandyrylýar. Has irki döwürler oňa «Istros» hem diýipdirler. Wengerler muny däli – porhan derýasy diýip hasaplaýarlar. Şeýle bolansoň, muňa joşgunly Jeýhun derýasy deý diýip, pikir ýüwürdip barýan mahalymyz ulaglaryň kerweni Dunaý derýasynyň köprüsiniň üstünden Budapeştiň Keramatly Stefanyň gününi belleýän köp adamly köçeleri bilen Karmelitleriň köşgüne tarap ýol külterleýärdi. Şol gün ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuş hakykatyna öwrülen üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek üçin belent mertebeli Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşmaga barýardy.

ALYSDAKY ÝAKYNLYK

Türkmenistan döwletimiz Merkezi Aziýada ýerleşýär. Edil şonuň ýaly, Wengriýa hem Merkezi Ýewropada. Iki döwletiň arasyndaky uzaklyk 4 müň 751 kilometre barabar. Bu az menzil däl. Ýöne, dostuň näçe alysda, uzakda bolsa-da, ol hemişe ýüregiňdedir. Sebäbi halkymyz dostluk düşünjesine ýakynlyk hökmünde garaýar. Ir döwürler Hazaryň boýundan gadymy Merwe, uzak Amula toý çakylygyny gowşurmak üçin çapar ýollapdyrlar. Bu bolsa dostlaryň jem bolmagynda agzybirligiň höküm sürmegine getiripdir. Şondan bäri şu güne çenli gelýän ebedi ýörelgämiziň sepini barha berkitmek, gerimini giňeltmek bilen, Arkadagly Serdarymyz dostlugymyzyň dowamatyny dabaralandyrýar.

Ine, golaýda hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň çakylygy boýunça Wengriýa taryhy saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň ilkinji pursatlary ýakynlyk hem-de ýakymlylyk bilen gurşaldy. Paýtagt şäher bolan Budapeştiň «Ferents List» adyndaky halkara howa menzilinde gadyrly garşylanan hormatly Prezidentimiz az salymdan Karmelitleriň köşgünde Wiktor Orban bilen giňişleýin düzümde ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň many-mazmunynda birek-biregiň pikirine, garaýşyna goýulýan hormaty, sarpany, goldawy, iň esasy bolsa, halklaryň raýdaşlygyny, ysnyşyklylygyny duýmak bolýar. Duşuşykda söhbetdeşligiň başy ýakymly ýatlamalardan başlandy. Wengriýanyň Premýer-ministri şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran saparyny uly buýsanç bilen ýatlady. Şonda gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar häzirki wagtda netijeli sazlaşygy we ösüşi emele getirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de geljegiň ýene-de möhüm ugurlary babatda başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Öňe sürlen tekliplerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bilelikde täze mehanizmini işläp taýýarlamak barada aýdyldy. Bu iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze hil derejesini kesgitlemek bilen, deňbähbitlilik we deňhukuklylyk ýörelgesinde öňegidişligiň üznüksiz guralyny döreder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýene bir wajyp başlangyçlarynyň biri bolsa, çäksiz howpsuzlygyň üpjün edilmegi bolup durýar. Ol öz içine azyk howpsuzlygy, terrorçylyga, ekstremizme garşy göreşmek, ekologiýany durnukly ýagdaýda saklamak, ykdysady çökgünliligi aradan aýyrmak, bikanun migrasiýa rugsatlaryny ýatyrmak hem-de kiberhowpsuzlyk, umuman, umumadamzadyň durmuşynyň oňyn özgermegini bökdeýän närseleriň asla bolmazlygyny gazanmagyň ymykly çözgüdine gelmek ýaly ugurlary alýar.

Bu öňdengörüjilikli ideaýalaryň üstüni ýangyç-energetika hyzmatdaşlygy babatdaky teklipler ýetirýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini ýokary derejede dowamata atarýan Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň eksport kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Şunda tebigy baýlyklarymyzy Ýer ýüzüniň halklarynyň parahatçylygynyň we bagtyýarlygynyň dabaralanmagyna gönükdirmek döwlet syýasatymyzyň möhüm ýörelgesi hökmünde kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Wiktor Orban bilen duşuşygynda bu hakynda jikme-jik durup geçdi. Şu ugurda özara eksport-import mümkinçiliklerimizden peýdalanyp, ýangyç-energetika babatda alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň täze sahypasynyň açyljakdygy ikuçsuzdyr.

Iki döwletiň ýerleşýän çägi boýunça ara daş bolsa-da, bilelikde tutulan maksatda pikirleriň meňzeşdigini, ýürekleriň ýakyndygyny, il içinde aýdylyşy ýaly, el-ele, egin-egne berip ädim ädilende, amal bolunmajak işiň ýokdugyny döwlet ýolbaşçylarynyň birek-biregiň başlangyjyna bolan goldawyndan, ýokary bahasyndan hem aýdyň görmek bolýar.

 

HALKLAR BIR JEBIS MAŞGALA ÝA-DA SPORT PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISIDIR

Döwlet Liderleri adamzadyň geljegi üçin dürli ugurlar boýunça pikir alyşmalarda bir ýere jem bolýan bolsalar, şol ugurlaryň iň naýbaşylarynyň biri hem sportdur. Şu tekstiň sözbaşysyna salgylanyp aýtsak, parahatçylygyň ilçisi bolan sport halklary bir jebis maşgala öwürýär. Şu ýylyň 20-nji awgustynda hem bu şeýle boldy.

Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Wengriýanyň paýtagty Budapeşte baran döwlet Baştutanymyz şüweleňli sport baýramçylygynda Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Katar döwletiniň, Tatarystan Respublikasynyň Liderleri bilen gadyrly görüşdi. Şol gün paýtagtyň Milli atletika merkezinde, has takygy, Dunaýyň gündogar kenarynda gurlan täze sport toplumynda Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionaty ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň iki müňden gowrak türgenleriň bäsleşmeginde geçirilýän bu halkara ýaryşyna tomaşa etmegi sport ulgamyndaky gatnaşyklarymyzyň dost-doganlyk bilen berkeýändigini görkezýär.

Hakykatdanam, halklaryň arasynda köpri bolýan sportda uly güýç bar. Ol Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, parahatçylygyň hem-de agzybirligiň baýdagyny göterýändir. Biziň ýurdumyzda il agzybirliginde, jebislikde birnäçe iri halkara sport ýaryşlary guraldy. Olaryň hemmesem bir maksada eýerdi. Şunda maksat ýakynlygyň esasynda dostlugy pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Munuň özeninde, örkünde bolsa, halklaryň bir jebis maşgala ýaly ýaşamaklarynyň mäkäm sütünleri bar. Budapeştdäki sport baýramçylygyna gelen döwletleriň Liderleriniň duşuşygy hem muny ýene bir ýola doly açyp görkezdi.

Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar syýasatyna uly üns berýändiginiň many-mazmuny hakynda içgin oýlanyp görseňiz, türkmen ýaşlarynyň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sporty söýüji, sagdyn pikirli, milli aň-düşünjeli bolmaklarynyň gözbaşynda dünýä döwletleri bilen ylym, bilim, sport, medeni babatdaky özara bähbitli gatnaşyklar dur. Häzirden olaryň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen agzalan ugurlarda ýakynlaşmagyny, dostlaşmagyny şertlendirmek möhümdir. Şoňa görä-de, ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar geljekde döwlet dolandyrylyşynda kämil şahsyýetler bolmak bilen, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitjek türkmeniň dowamaty bolarlar. Parahatçylygy, jebisligi, özara düşünişmegi dabaralandyryjylar, dünýä jar edijiler bolup çykyş ederler. Bu milli we ynsanperwer ýörelge asyrma-asyr nesilden nesle geçip gelýär. Ine, hormatly Prezidentimiz hem muny barha döwrebap görnüşde rowaçlandyrýar. Türkmen-wenger ýaşlarynyň arasyndaky sport gatnaşyklary hem muny doly tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz saparyň dowamynda bu ýere gelen döwletleriň Liderleri bilen Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni hem-de halkara sport ýaryşy mynasybetli Ýewropada iň şüweleňli feýerwerklere hem tomaşa etdi.

Şeýle ýatda galyjy ýakymly we täsirli pursatlary kagyza geçirýän wagtyň täsin döredijilik ahwalyna içgin berilýärsiň. Sebäbi beýik işler beýik Şahsyýetiň pähiminden, parasadyndan kemal tapýar. Ynha, türkmen-wenger gatnaşyklary hem Arkadagly Serdarymyzyň beýik tutumlary, başlangyçlary bilen, uly geljegi nazarlaýar.

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak». Aşgabat — Budapeşt — Aşgabat