TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barlan işleriň jemlerini jemledi hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny, 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenilendigine aýratyn üns çekildi. Bu şanly senä bagyşlanyp, köp sanly halkara derejeli çäreler guraldy. Şunda Aşgabatda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň geçirilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli çärelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat Konsepsiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik wekilhanalarynyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Okyjylaryň dykgatyna “Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary jemgyýetiň syýasy ulgamynda” atly makala hem hödürlenilýär. Makala Kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy maksatlaryna we wezipelerine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik, durmuş-ykdysady özgertmelerde olaryň eýeleýän ornuna bagyşlanypdyr. Makalada bu iri jemgyýetçilik birleşiginiň ýerine ýetirýän işleriniň kanunçylyk binýady we düzümi barada maglumatlar getirilýär. Nygtalyşy ýaly, 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň jar edilmegi, Watanymyzyň syýasy we jemgyýetçilik gurluşynyň üýtgemegi bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň syýasy-durmuş wezipesi hem üýtgedi. Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) doly hukukly agzasy bolmagy hem-de onuň esas goýujy konwensiýalaryny tassyklamagy hem ýardam etdi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi döwletiň durmuş ugurly möhüm esaslarynyň has-da berkidilmegi ugrunda çykyş edýär, döwlet dolandyryş edaralary, iş berijileriň birleşikleri bilen yzygiderli gatnaşyk saklaýar, işgärleriň durmuş we zähmet hukuklaryna, bähbitlerine wekilçilik etmek, olary goramak meseleleri boýunça Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzümleýin bölümleriniň tagallalaryny utgaşdyrýar hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ýerlerdäki kärdeşler guramalary her ýyl zähmetkeşleriň, olaryň maşgalalarynyň saglygyny dikeltmegi, dynç almagy üçin toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Ýaşlar syýasaty alnyp barylýan işiň möhüm bölegini emele getirýär.

“Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň kanunçylyk esaslary” atly makalada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtalýar. Olarda sanlylaşdyrma, sanly çözgütleriň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna wajyp ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, makalada döwlet Baştutanymyzyň: “Innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar” diýen sözleri getirilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän maglumatlar esasy serişdeleriň biri bolup durýar. Şeýle-de Türkmenistanda maglumata bolan hukugyň adamyň iň möhüm konstitusion hukuklarynyň biridigi bellenilýär. Ýurdumyzda bu ulgamdaky gatnaşyklar Esasy Kanunymyz, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary, kabul edilen konsepsiýalardyr maksatnamalar arkaly düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, makalada häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolan maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýeti nygtalýar. Türkmenistanda bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, degişli infrastrukturany, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ählumumy maglumat giňişligine işjeň goşulyşmagyna, milli ykdysadyýetimiziň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, umuman, Watanymyzyň gülläp ösmegine ýardam berýär.

Maglumat tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşindäki ornuna bagyşlanan makalada häzirki döwürde ýurdumyzyň batly gadamlar bilen öňe gitmeginde sanly özgertmeleriň möhüm ähmiýetine üns çekilýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz orta möhletleýin geljekde ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, howpsuz pudaklaýyn infrastrukturanyň döredilmegini milli strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Awtor durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň aýdyň mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherini görkezýär. Onuň gurluşygynda ekologik jähetlere, dünýäde we jemgyýetde ähmiýeti barha artýan “ýaşyl” tehnologiýalara aýratyn uly orun berlendigini bellemek gerek. Şeýle-de makalada sanly aragatnaşygyň, emeli aňyň, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmagyň gündelik durmuşymyza batly depginler bilen ornaşdyrylýandygy beýan edilýär. Ýurdumyzda sanly ulgamyň hukuk esaslaryny döretmäge aýratyn üns berilýär, bu ugurda hereket edýän kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, intellektual eýeçilik, sanly we intellektual hukuk, sanly howpsuzlyk ýaly düşünjelere üns çekilýär.

“Ekologiýa abadançylygy çygrynda Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary” atly makalada tebigata aýawly garamak, onuň baýlyklaryny gorap saklamak we tygşytly peýdalanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak işleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry, ýurdumyzyň kanunçylygynyň, kabul edilen milli hem pudaklaýyn maksatnamalaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işler bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Türkmenistan BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

“Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk terbiýesiniň ýörelgeleri” atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Makalada bellenilişi ýaly, beýik şahyryň halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini özünde jemleýän edebi mirasy mugallymlar we beýleki bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak maglumat çeşmesi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň adamlaryň asylly häsiýetlerinden söz açýan şygyrlary ýaş nesli watançylyk, ýokary ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, makalada beýik söz ussadynyň döredijiliginiň, parasatly öwüt-nesihatlarynyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýändigi nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde häzirki wagtda Magtymgulynyň edebi mirasy halkara derejede giňden wagyz edilýär.

Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramagynda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň yglan eden “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary”, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri” atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşikleriň jemlerine bagyşlanan makala ýerleşdirilipdir. Bäsleşikleriň netijeleri 2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy we Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk maslahatynda jemlenildi. Şeýle-de bu bölümde 2025-nji ýylda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň yglan edilýändigi baradaky maglumat köpçülige ýetirilýär.

Žurnalyň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda 2024-nji ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen wakalara, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere syn berilýär.

(TDH)