TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň milli nusgasy

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hemişelik Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri esasynda ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri — Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek babatda-da zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýar.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda “Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna oňyn baha berildi. Bu çäräniň ýokary wekilçilikli düzümi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna, Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaly möhüm senelere beslenjek geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelmegini ileri tutýar. Tagallalary birleşdirmek, yzygiderli bilelikdäki işe daýanmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň kesgitleýji şerti, filosofiýasy bolup durýar.

Ýurdumyz döwletara gatnaşyklarda we diplomatiýada “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesini ilerledýär. Çünki dialog medeniýeti, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky gatnaşyklara ukyply we taýýar bolmak häzirki günde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarda bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan gelýän kadalara eýerip gelýändigi bellenilýär. Geçen ýyllar Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we netijeli işlemegi hem ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän hakykatdyr.

Biz bütin dünýäde parahatçylyga esaslanýan, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek bilen birlikde, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýäris. Eziz Diýarymyzda täze obalary, şäherleri, şäherçeleri we döwrebap senagat toplumlaryny gurýarys. Ähli ugurlarda alyp barýan tutumly işlerimiz beýik maksada — ata Watanymyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

...Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança gelýär. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza doly laýyk gelýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara giňişlikde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli başlangyçlary ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.