Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän ýurtlar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi nygtalýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi ata Watanymyzyň belent abraýynyň dünýä giňişligindäki ykrarnamasydyr. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, B.Orazdurdyýewa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny iberdiler.
(TDH)