Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Wengriýa iş sapary
Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen, şol sanda abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugruna berk eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Budapeşte şu gezekki sapary hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Şol gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege düşünişmek, Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýar.
Türkmenistan Wengriýa bilen özara diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýandygyny bellemek gerek. Şunda ýokary we Hökümet derejesindäki duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Wengriýanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylda, dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň 2014-nji ýylda Wengriýa resmi saparynyň, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda Budapeşte amala aşyran iş saparynyň netijeleri munuň aýdyň mysalydyr. Saparlaryň her biriniň barşynda taraplar netijeli dialogy ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny tassykladylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şol ylalaşyklar uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-wenger gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň ençemesi bilen berkidildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň 2023-nji ýylyň iýunynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemelidiris. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda hem döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.
Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, senagat kooperasiýasy ugry boýunça, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde, işewür düzümleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçiliklere eýedirler. Hökümetara toparlaryň işi hem anyk netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu babatda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň we Wengriýanyň syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda köptaraplaýyn görnüşde, Birleşen Milletler Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk edýändigini-de aýtmak gerek. Munuň özi ýurtlaryň ikisiniň hem umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.