TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Resmi habarlar

Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýäniň iri halkara pul gaznalarynyň hem-de birnäçe maýa goýum edaralarynyň Arkadag şäherini has-da ösdürmek, döwrebap innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýokary derejedäki önümçilikleri ýola goýmak, şäheriň ulag üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, bu ugurda maslahatlaşmak we tejribe alyşmak, şeýle hem durnukly, hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşi gazanmak, gurluşyk we beýleki işlere maýa goýumlar bilen bagly gyzyklanmalarynyň artýandygyny göz öňünde tutup, Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2024-nji ýylyň 22 — 26-njy oktýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

(TDH)