TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylar bolan bize iberen Gutlagyňyz hem-de bu festiwalyň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Türki halklaryň milli medeniýetiniň we sungatynyň has-da kämilleşdirilmegi, çuňňur öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi, Ýer ýüzüne wagyz edilmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly rowaçlyklary arzuw edýäris.

TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda Aşgabatda dostluk we ýürekdeşlik ruhy bilen geçirilen bu teatr festiwaly oňa gatnaşyjylaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ol doganlyk halklaryň medeni däpleri bilen tanyşmakda, döredijilik gatnaşyklaryny dostluk köprüsine, sungat baýramçylygyna öwürmekde örän ähmiýetli boldy.

Türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmekde bu halkara festiwal möhüm ähmiýete eýedir. Döredijilik gözden geçirilişinde teatr toparlary Aşgabat şäherindäki teatrlarda dürli žanrdaky sahna eserleriniň üsti bilen aktýorlyk, režissýorlyk ussatlyklaryny görkezdiler. Festiwal dostlukly türki halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmäge, türki dilli döwletleriň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, sungat ussatlarynyň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmäge, häzirki zaman teatr sungatyny has-da baýlaşdyrmaga uly ýardam berdi.

Sarpasy belent Türkmenistanyň Prezidenti!

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türki halklary ruhy taýdan birleşdirýär, bitewüleşdirýär. Dana Pyragy dünýäde ykrar edilen ajaýyp şahsyýetdir. Onuň eserleri tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyna öwrüldi. Ýokary guramaçylykda geçirilen teatr festiwalynda tomaşaçylara hödürlenen beýleki sahna oýunlary bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligine bagyşlanan sahna oýunlary hem akyldaryň pelsepe mirasyna, onuň paýhas ummanyna bolan söýgimizi has-da beýgeldip, egsilmez buýsanç duýgularyny bagyşlady.

Türki halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny görkezen giň gerimli teatr festiwalynyň geçirilen günlerinde biz ak mermerli Aşgabadyň gözel künjegindäki «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna, akyldar şahyryň ýadygärligine baryp gördük. Güneşli türkmen topragynda guralan teatr sungatynyň ajaýyp baýramyndan çäksiz lezzet aldyk. Ýurtda türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň ösmegi, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran taryhy ýadygärlikleriň, medeni mirasyň aýawly saklanylmagy boýunça işleriň döwlet derejesinde goldanylýandygynyň we höweslendirilýändiginiň şaýady bolduk. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda medeniýetiň hem sungatyň dabaralanýan ýurdy bolan Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işleriň many-mazmunyny döredijilik eserleri arkaly tomaşaçylara açyp görkezmek, ilhalar, ýokary çeperçilikli sahna eserlerini döretmek, döwrebap oýunlary sahnalaşdyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi bizde uly guwanç duýgularyny döretdi.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly bizde ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Bu festiwal sungat, döredijilik işgärleriniň işjeňliginiň artmagyna, dost-doganlyk, parahatçylyk hakyndaky sahna eserleriniň döredilmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Biz geljekde-de türki döwletleriň arasynda şeýle sungat forumlarynyň yzygiderli geçirilip durulmagyny, Türkmenistanyň ähli babatda bedew bady bilen ynamly öňe gitmegini arzuw edýäris.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna berýän goldawlaryňyz, şeýle hem bu teatr festiwalyny geçirmäge döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz, Aşgabat şäherinde foruma gatnaşyjylara bildirilen myhmansöýerlik üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymyzy beýan edýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, bütin dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda alyp barýan hoşmeýilli syýasatyňyzyň, bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Goý, türki halklaryň arasyndaky ylalaşyklylyk we özara düşünişmek müdimi bolsun! Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti mundan beýläk-de gülläp össün!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylar.