TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Sapagyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokarlandyrmak

Men öz okadýan geografiýa sapagymda we geçýän her bir synp sagadymda hemişe şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny peýdalanyp geçýärin. Esasy maksadym, okuwçylary Watana wepaly ýaşlar edip, halal zähmet çekip, ene-ataňa, goňşyňa, dostuňa, joraňa we halkyňa wepaly adamlar edip ýetişdirmek bolup durýar.

Şahyrymyz Magtymguly Pyragy hemişe öz Watanyny söýen şahyr bolupdyr. Ol «Ýoly gözlär» diýen goşgusynda:

Ilinden aýra düşen -
Ah, urar, ili gözlär,
Ýolundan aýra düşen -
Jäht eder, ýoly gözlär -

diýmek bilen hemişe öz Watanyňy, iliňi söýmelidigini aýdyp geçýär.

Şahyryň «Aýrylma» goşgusynda:

Mestana ýörinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen öz ýurduňdan aýrylma! -

diýip öz ata Watanyň şeýle ezizdigi aýdylyp geçilýär.

Ýene-de Magtymguly şahyrymyz «Gidiji bolma» diýen goşgusynda:

Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý;
Watany terk edip, gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!-

diýip mähriban Watanyňdan aýra düşmegiň şeýle ýamandygyny belläp geçýär.

Hemişe halal zähmet çekmek barada, adamlara hormat goýup ýaşamak barada «Ýat ýagşy» diýen goşgusynda şeýle diýýär:

Halal işle, ahyretden wehmiň bar,
Pakyry ynjytma, köňül rehmiň bar.

Ýene bu goşguda ýigitlere ýüzlenip, şeýle diýýär:

Ýigidiň dünýäde üçdür myrady,
Mahbun ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy-

diýip, ýigide weraly ýoldaşyň, ýaragyň, bedew atyň gerekdigini aýdýar.

«Ýoldaş bolan» diýen goşgusynda:

Ýagşy sözi jana ýarar,
Ýagşy bilen ýoldaş bolan;
Gaçyp gutulmaga unar,
Bir ýaman goňşa duş bolan —

diýip, ýagşy, gowy adam bilen dost, jora bolmalydygy aýdylýar. «Ýer alma, goňşy al» diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Ýaman bilen goňşy bolsaň, ondan gaçyp gidip, başga ýere göçüp gitmelidigi aýdylýar.

Şahyr hemişe halky agzybirlige çagyrypdyr. «Içen ýalydyr» goşgusynda bu barada şeýle diýýär:

Ötdi ömrüň, dünýä seýliň,
Hak ýoluna bagla biliň,
Agzy ala bolan iliň
Döwleti gaçan ýalydyr.

Ýene bu goşguda içki syryňy her bir ýerde aýtmazlyk barada hem aýdylýar:

Mähekdir — syryny gizlän,
Akyldyr — iş soňun gözlän,
Gepin tapyp, ýagşy sözlän
Misli dür saçan ýalydyr.

Şahyryň «Paş eder seni» diýen goşgusynda:

Içki syryň aýtma her bir namarda,
Syryň ile ýaýyp, paş eder seni
Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,
Malyňdan aýyryp, aç eder seni!-

diýip, bu goşguda hem syr saklamak, syryňy aýtmazlyk barada aýdylýar.

Şahyrymyzyň «Delalat ýagşy» goşgusynda:

Asla adamzada ajy söz urmaň,
Pakyra-misgine delalat ýagşy.
Bahyla ugramaň, güler ýüz bermäň,
Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy.

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Golgan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly görende, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy -

diýip, ýaramaýan adama, ýaşuly adamlara, kömege mätäç adamlara öz güler ýüzüňi, süýji sözüňi berip, oňa kömek etmelidigini aýdýar.

Her bir sapagymy şeýle usulda geçmegim, özüniň oňat netijesini berýär.

Bibi ATAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 92-nji orta mekdebiniň  mugallymy.