TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, goňşy döwletiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Özbegistanyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Saparyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň ýakyn goňşusydyr we strategik hyzmatdaşydyr. Biz dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen, hemişe asyrlaryň dowamynda emele gelen dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde öz hereketlerini netijeli utgaşdyrýarlar hem-de tagallalaryny birleşdirýärler.

Söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň derejesine ýokary baha berip, yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin ýakynda Daşkent şäherine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Saparyň maksatnamasy baý many-mazmunly bolup, onuň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen netijeli gepleşikler geçirildi, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi.

Nygtalyşy ýaly, köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depginini görkezýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk işjeň giňeldilýär. Iki ýurduň sebitleriniň arasynda gatnaşyklaryň uly kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, taraplaryň geljekde-de ylym-bilim alyşmalaryny, konsertleri, sergileri we iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän beýleki medeni çäreleriň geçirilmegini dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.