TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Resmi habarlar

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine degişli binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli we daşary ýurt kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine degişli inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de degişli inženerçilik ulgamlaryny, desgalary, içerki we daşarky eltiji elektrik, gaz hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de binany 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine «Yutong ZK6128HG» kysymly 700 sany awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem adam hukuklary boýunça ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, adam söwdasynyň dünýäde iň ýiti wehimleriň biri hasaplanýandygyny nazara alyp, milli derejede onuň öňüni almak bilen bagly işleri üns merkezinde saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy. Şu meýilnamanyň çäreleriniň durmuşa geçirilmegi üçin jogapkär edaralara onuň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek tabşyryldy.

(TDH)